JEMGYÝET

Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahat

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de milli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy G.Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Alihili, Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory J.Gurbangeldiýew dagylar çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçlyk gatnaşyklaryň, milli däp-dessurlaryň we demokratik taglymatlaryň hem-de giň möçberli durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň berk binýady we kepillendirmesi bolup durýan Konstitusiýamyza daýanyp, hukuk, dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de döwletimizi mundan beýläk hem depginli ösdürmäge, türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, meýilnamalaryň ençemesi barada aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler