JEMGYÝET

Konstitusion özgertmelere bagyşlanan brifing

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 25-nji sentýabrda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de onuň dowamynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Oňa ýurdumyzda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň deputatlary, ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu mediýa brifinginde ýurdumyzdaky möhüm syýasy wakalara syn berildi. Esasan hem 25-nji sentýabrda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler barada belläp geçip, täze kabul edilen Konstitusion kanunynyň döwrüň wajyplygy bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Şeýle hem Konstitusion kanunynyň ýurdumyzyň raýatlaryndan gelen müňlerçe teklipleriň esasynda taýýarlanandygyny hem nygtalyp geçildi.

Brifingde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew Konstitusion kanunynyň hukuk ugruny hem-de Konstitusiýamyzdaky kanun maddalary, Konstitusion kanun esasynda döredilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hem-de onuň Halk Maslahaty we Mejlis atly palatalarynyň işi, ygtyýarlyklary barada jikme-jik maglumat berdi.

Şeýle hem brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bolsa öz çykyşynda iki palataly parlament ulgamynyň taryhy barada giňişleýin maglumat berdi.

BMG-niň BAŞ ASSAMBLEÝASYNDAKY BAŞLANGYÇLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisi hem-de onuň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň wideoýüzlenmeleri barada durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisindäki wideoýüzlenmesinde öňe süren halkara başlangyçlarynyň halkara hukugy, durnukly ulag, energetika, sebit meseleleri, bitaraplyk hem-de öňüni alyş diplomatiýasy ýaly giň ugurlary gurşap alýandygyny belledi.

Daşary işler ministri öz çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny we bular babatda degişli Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi babada tagallalaryň ediljekdigini belledi.

 

Şu habarlary hem okap bilersiňiz.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/son-dakika-tm/taze-konstitusion-kanun-hacan-guyje-giryar/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/umumy/turkmenistanyn-mejlisinin-ygtyyarlyklary-name/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/son-dakika-tm/kanuny-kim-kabul-edyar-halk-maslahatymy-ya-da-mejlismi/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/son-dakika-tm/halk-maslahatynyn-ygtyyarlyklary-name/

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri