DÜNÝÄ

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Bu barada 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany bu etrabyň häkimligini sylaglamak baradaky degişli Buýruga gol çekdi. Şeýle-de Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda 2026-nji ýyl boýunça degişli bäsleşik yglan edildi.

Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby iň ýokary netijeleri gazanan etrap diýlip yglan edilipdi hem-de 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi