Adamlar köne kitaplaryň ysyny şeýle bir gowy görýärler welin, onuň esasynda atyr satyn almaga taýýar. Şonuň üçin alymlar köne kitaplaryň ysynyň nireden gelýändigini anyklamak kararyna geldiler.
Soňky döwürlerde elektron ulgamyň çalt depginde ösmegi bilen admalar kitaplary elektron görnüşde okamaga başladylar. Munuň kagyz görnüşindäki kitaplaryň ýitip gitmegine getirip biljekdigi çaklanyldy. Ýöne ýagdaý beýle däl. Entegem köne kitaplara we onuň ysyna isleg bildirýänler az däl.
Londonyň uniwersitet kolležiniň professory Matiýa Strliç we kärdeşleri köne kitaplardan gelýän ysyň nähili emele gelýändigini öwrenmek üçin degişli işleri alyp barýarlar.
Olar bu ylmy-barlag işinde ýöriteleşdirilen “elektron burun” ulgamyndan peýdalandylar we kitaplaryň könelmegi bilen käbir kesitlenen şertlerde käbir molekulalar bölünip çykýandygyny ýüze çykardylar.
Bu örän möhümdir: birinjiden, köne kitaplaryň ysynyň özüne çekijiligi anyklamak bolar, ikinjiden şol ysy saklap galmagyň şertleri döretmek mümkinçiligi döreýär.
Alymlar ilkinji tapgyrda kitapdaky syýalaryň wagtyň geçmegi bilen ýüze çykarýan himiki birleşmeleriň emele gelşini anykladylar. Şeýle hem ylmy barlaglarda kitabyň wagtyň geçmegi bilen sirke kislotasyny hem bölüp çykarýandygy bellenildi.
