BIZNES

«Komatsu» kysymly tehnikalar getirildi

Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry ýurdumyza getirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi.

Döwrebap enjamlar oturdylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlary, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.

Diýarymyzyň sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar, şol sanda suw howdanlary gurulýar hem-de olaryň bar bolanlarynyň göwrümi giňeldilýär. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin yzygiderli satyn alnyp berilýän «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, häzirki döwre çenli «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu tehnikalar ýurdumyzyň suw hojalyk desgalarynda netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler