TEHNOLOGIÝA

Kitap görnüşinde ýasalan telefon

Geçen güýzde, Microsoft kompaniýasy iki ekranly kitap görnüşinde öndürilen “Surface Duo” akylly telefony ýaly birnäçe täze enjam hödürledi. Ilkibaşda “Surface Duo” -nyň diňe 2020-nji ýylyň ahyrynda bazara çykjakdygy mälim edildi, ýöne fewral aýynda tomusda çykmagy ähtimaldygyny bellediler. Soňky maglumatlar öňki maglumatlary tassyklaýar. Iň soňky habarlara görä, Microsoft şu ýylyň iýul aýynda çykarylyp bilinjek “Surface Duo” synagynyň ähli tapgyrlaryny tamamlady diýip bellenilýär.

Iki ekranly “Smartfon Microsoft Surface Duo” iýul aýynda garaşylýar. “Microsoft Surface Duo” akylly telefony bir çipli “Snapdragon 855” ulgamy, 1800 x 1350 piksel durulykda iki sany 5,6 dýuým ekran, 6 Gb RAM we 256 Gb fleş ýady bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, enjamda 11 megapiksel kamera we 3460 mAh akkumulýator bar we bu telefonda “Android 10” operasiýa ulgamy işlär.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi