KITAP zehin gözbaşydyr. Ondaky jemlenen maglumatlar biziň üçin altyn zerden gymmatly hasaplanylýar. Il içinde: özbaşdak kitap ýazmak, çap etmek sogap bilinýär. Siziň çykaran kitabyňyz her bir ýüregi okamana höwesek bolan ynsan üçin peýdaly bolsa şonça-da siziň sogabyňyz uly bolar. Şonuň üçinem ata babalarymyzdan galan aýtgylar, atalar sözidir nakyllar bu günki günde biziň ýol-ýörelgelerimizde öz kemalyny tapýar. Şeýle parasatly oý-pikirleri jemläp halkyň hakydasyna guýmaklygy maksat edinen “PAÝHAS ÇEŞMESI” kitabynda: kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer –diýip belläp geçýär. Biziň üçin ylymlar gapysyny, dünýäniň ajaýyp täsin syrlaryny bilmek üçin ýene-de bize kömek etjek närse kitapdyr. Bilşimiz ýaly ýaňy ýakynda Hormatly Arkadagymyzyň ýiti galamyna mahsus bolan “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” atly ýene bir älem hazynasy ynsanlar bilen dostlaşdy. Bu gymmatlylyk şu ýylyň 31-nji awgustynda çapdan çykyp arkamyzda gün bolup dogup, alnymyza özüniň şugla saçýan ýiti nurlary bilen ýalkym saçdy. 12 bapdan ybarat bolan bu kitabyň her babynda özboluşly wakalaryň üsti bilen biziň üytgemezek halkymyzyň baý, medeni mirasynyň bardygyny, ebedi ölmez ýitmez milliliginiň bardygyny, jebis halkynyň edermen gahrymanlaryny akyl paýhasly danalarynyň bardygyny ýüze çykarýar. Ýaşaýşyň dürli päsgelçiliklerinden başarnykly baş çykarmagy, durmuş hakda köpräk oýlanmagymyz üçin dürli rowaýatlaryň pelsepewi pikirleriň üsti bilen çeper beýan edilýän maglumatlar biziň ýörejek ýolumyz, hem-de ätjek ädimimizdir. Biziň aýratynlygymyz her bir türkmen ojagynyň asly halal hem-de döwletliligindedir. Döwletlilik bu-biziň şanymyz, milliligimiz, 5000 ýyllyk geçen ýolumyz. Döwletlilik bu – biziň şu günimiz we ertämizdir.
Döwleti ynsan üçin ýaradyp halkyna erkinligi, asudalygy, parahatlygy beren mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamy mundan beýläkde batly bolmagyny, her bir halkyň bähbidini arap edýän işleriniň rowaçlyga, uludan-uly üstünliklere beslenmegini arzuwlaýarys. Goý Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri belent sepgitlere ýetsin! Her birimiziň bereketli ojagymyzda döwletlilik peselmesin!
Galandarowa Şemşat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!