SIZDEN GELENLER

Kitap barada…

Kitap içi many-mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar bilen üpjün edilen hazyna.

Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr.

Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz  miras hasaplanylýar.

Kitaby açan adam bilimler hazynasy saklanýan gowagyň derwezesini açýandyr.

Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok.

Her okalan kitap, bizi bir basgançak ýokary galdyrýar.

Her bir kitap özboluşly bir dünýä.

Kitap okamak islegi halkyň dowamatyna dowam gatmak bilen barabardyr.

Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris.

Kitap – edil ebedi hazynalara barýan ýoly salgy berýän karta mysalyndaky täsinlik.

Kitap – paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek  ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

Kitap biziň durmuşymyzda dem alýan howamyzdan, gündelik azyk-owkatymyz bolan çörekdir-suwumyzdan soňra iň esasy zerurlyk bolup durýar.

Kitaby köp okaýan jemgyýet dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär.

Taýýarlan: Ogulşeker Annaorazowa,
TOHU-nyn talyby.

 

11-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy

Sagdyn nesil — abadan geljek

Döwletli maslahata barýarys

Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasy

Döwletli tutumlara badalga

Täze taryhy eýýamyň döwletli maslahaty