MEDENIÝET

“Kitap” atly türkmen kinosy “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary 2025-nji ýylyň 1–5-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşdy.

Bu ýörgünli halkara kinofestiwalynda ýurdumyz boýunça birnäçe filmler kino tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen kinolary festiwalyň çäginde ýörite bäsleşiklere gatnaşdyryldy.

Kinofestiwalyň jemleýji güni türkmen kinosy üçin hem şatlyk wakalaryň biri boldy. goýujy kinorežissýor Hekim Alawow tarapyndan surata düşürilen “Kitap” atly çeper film emin agzalarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Türkmen režissýorynyň “Kitap” atly çeper filmi “Çeper filmler boýunça” atly ýörite ýaryşa gatnaşypdy.

Şeýle hem Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwala şu filmleri getiripdi: režissýor Batyr Batyrowyň «Kämillige ýol 2: Erjellik» atly çeper filmi, režissýor Hekim Alowowyň «Kitap» atly filmi, režissýor Maksat Gylyjowyň «Ismim düşdi ilden-ile» atly filmi we režissýor Sähragül Janmämmedowanyň «…Senet däldir, ol sungatdyr» atly dokumental hronikasy.
Şeýle hem tomaşaçylara režissýor Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly çeper filmi hem-de režissýor Zülfia Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly işi görkezildi.

«Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça eminler toparyna girizildi. Dokumental filmlere bolsa Döwletgeldi Hudaýberdiýew baha berdi.

2024-nji ýylda türk halklarynyň «Gorkut Ata» halkara kino festiwaly Türkmenistanda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni