JEMGYÝET

Kino baýramçylygy: “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwaly açyldy

Şu gün Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, festiwala gatnaşmak üçin gelen daşary ýurt aktýorlary, kino bilermenleri, režissýorlary, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary hem-de ýaşaýjylar gatnaşdy. Bu dabara meşhur türk aktýory Burak Öwçiwit we beýleki türk kino ussatlary gatnaşdy.

“Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Bu ýerde kino baýramylygy üçin ýokary derejede taýýarlyk görlüpdir.

Festiwala gatnaşýan ýerli we daşary ýurtly kino aktýorlary, kino bilermenleri, prodýuserleri we režissýorlary üçin gyzyl ýoda düşülipdir. Kino baýramçylygynyň açylyş dabarasy ýerli we daşary ýurtly kino sungat ussatlarynyň gyzyl ýodadaky ýörişi bilen başlandy.

Soňra Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň zalynda kinofestiwalyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara kinofestiwalynyň gatnayjylaryna iberen gutlag haty okaldy.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň teatrlaşdyrylan taryhy sahna çykyşy tomaşa edildi. Dabaranyň çäklerinde kino festiwalyna gatnaşjak filmler tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen kino sungatynyň geçen döwrüni giňden tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Şeýle hem türkmen kinolarynyň meşhur sazlary ýaňlandy.

Kinofestiwalyň açylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşýan daşary ýurtly kino aktýorlaryna söz berildi. Ilkinji bolup, fransuz aktýor Eduar Montut çykyş edip, şeýle ajaýyp kinofestiwala gatnaşýandygy üçin özüni bagtly duýýandygyny we ajaýyp Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini belledi.

Dabara gatnaşan “Bozdag film” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, meşhur türk reäissýory Mehmet Bozdag çykyş etdi. Mehmet Bozdag ata topragyna gelendigini uly buýsanç bilen belläp, Oguzhan, Alp Arslan ýaly ençeme şahsyýetleriň ýaşap geçen ýurdy bolan Türkmenistanda birnäçe filmleri surata düşürmek taslamasynyň bardygyny belledi.

Oguzhanyň hem-de Alp Arslanyň durmuşyny açyp görkezýän filmleri Türkmenistanda surata düşürmek üçin taýýardyklaryny bellän Mehmet Bozdag türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine özüniň hoşallygyny bildirdi.

Soňra söz gezegi meşhur türk aktýory Burak Özçiwite berdi. Ol hem Mehmet Bozdagdan Türkmenistan barada köp eşidendigini, ýöne gelip görmek bagtynyň şu gezek miýesser edendigini belledi. Türkmenistanyň, hususan-da Aşgabat şäheriniň özünde uly täsirler galdyrandygyny bellän Burak Özçiwit häzirki wagtda surata düşýän “Kuruluş: Osman” serialynyň 105 döwletde görkezilýändigini aýdyp, Türkmenistanda hem şeýle taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini aýtdy.

Mehmet Bozdag hem-de Burak Özçiwit bilen gelen türk kino ussatlary hem öz çykyşlarynda şeýle uly möçberli kinofestiwala hem-de türki halklarynyň gadym ýurdunda gelendiklerine buýsanýandyklaryny bellediler.

Kinofestiwala hödürlenýän filmler paýtagtymyz Aşgabadatky «Aşgabat» kinoteatry we «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde hem görkezilýär.

Kino forumynyň emin agzalary festiwala hödürlenen filmlere baha bererler. Emin agzalarynyň düzüminde Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan kino bilermenleri bar.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi