«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda maglumat giňişliginde uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda kiberhowpsuzlyk ulgamynda hem degişli işler ýola goýuldy.
Kiberhowpsuzlyk – ulgamlary, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramaga gönükdirilen iş bolup durýar. Täzeden döreýän we kämilleşýän howplardan goranmagyň umumy analizini kiberhowpsuzlyk düşünjesi bilen beýan etmeklik bolar.
Kiberhowpsuzlyk näme? diýen sorag peýda bolup biler. Kiberhowpsuzlyk (käwagt kompýuter howpsuzlygy diýilýär) kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we tejribeleriň ýygyndysydyr. Kiberhowpsuzlyk kibergiňişlikde goragyň üpjünçiligine ugrukdyrylan bolmaly. Şonuň üçin hem kiberhowpsuzlyk meselesiniň derňewi üçin esasy düşünje kibergiňişlik düşünjesi bolup durýar.
Umuman, maglumat howpsuzlygy maglumatlaryň goraglylygyny, kiberhowpsuzlyk bolsa şol maglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygyny aňladýar. Şol sebäpli hem olar biri-biri bilen utgaşykly üpjün edilýär.
Ýurdumyzda bu ugurlar boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar. Muňa mysal edip, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigini, tejribeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny, okuw sapaklarynyň meýilnamalaryna bu ugruň aýratyn ders hökmünde girizilendigini, edara-kärhanalara döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny we täze hünärleriň hem-de iş orunlarynyň açylandygyny, ilatyň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilýändigini aýdyp bolar.
Kompýuter howpsuzlygy, kiberhowpsuzlyk ýa-da maglumat tehnologiýanyň howpsuzlygy — kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň ogurlanmagyndan ýa-da zaýalanmagyndan, üpjün edýän hyzmatlarynyň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär.
Kiberhowpsuzlyk adamlaryň, guramalaryň we hökümetleriň maglumat çeşmelerini kibergiňişlikde kiberhüjümlerden goramagy maksat edinýär. Häzirki wagtda kiber jenaýatçylygynyň ýaýramagy internet we bulut hyzmatlary arkaly, sosial media platformalaryndan, içki torlardan, “zatlaryň interneti” enjamlaryndan we başga-da köp zatlaryň üsti bilen elýeter bolan maglumatlaryň ägirt uly köpelmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de kiberhowpsuzlygyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşynyň dowamynda «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Ylmyň we tehnikanyň ösüşi bütindünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de olaryň halklarynyň hal-ýagdaýynyň ösüş depginini kesgitleýär. Şol bir wagtda maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösüş-özgerişleri şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiber wehimlerden goramagyň hukuk binýadyny, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän şeýle çäreler döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder.
Merjen Allamyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy.
