«Gül zemin» toý mekanynda Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty ― milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Zähmetsöýer, eli çeper, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende göterýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar 3 şert boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Aýdym-saza beslenen bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onda birinji şerte laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyklary, ýagny ýaka, tahýa, kürte keşdeläp başlamak üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, salynjak nagyşlara laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler.
Ikinji şertinde gelin-gyzlar keşde çekýän pursatlary, saýlap alan keşdeleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Bu şertde olaryň keşdelejek işlerini dyzynyň üstünde dogry goýşyna, iňňe tutuşyna, sanjyşyna, işilen ýüpekleri ýerlige görä ulanyşyna üns berildi.
Şeýle hem olar saýlap alan keşdesiniň taryhyny buýsançly gürrüň berdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar el işleriniň waspyny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazalyň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşik zenanlarymyzyň çeper elleri bilen döreden milli mirasymyzyň nesillerimizde dowamat dowam bolýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatyndan gelen zenanlar topary mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan zenanlara Hormat hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
