Minniň menzili şäheriň ýylda 50 müň adamly, gelim-gidimli ýerine öwrülen, Günbatar Wan-Býuron köçesiniň adaty zähmetkeş-gara işçi we klerk maşgalalaryndan ybarat bolan jaýyň bir gatynda galýardy. Ol üçünji gatdy we öňdäki aýnalar gök önüm satylýan dükanyň üstünden ýagtylyk berip duran, çagalaryň oýnaýan köçesine bakyp durýardy. Atly paýtunlaryň üstündäki kiçijik jaňjagazyň sesi, şeýlede olaryň jyňňyrdysy Kerrä hoşamaý eşidilýärdi. Ol haçanda ýagty köçeden dikanlap seredip durka, Minni uýasy öňdäki otagy bereninde her tarapa birnäçe mil uzan uly şäheriň galmagal- hereketi ony haýran galdyrdy.
Hanym Ganson ilkinji tanyşlyk gutaranyndan soňra, Kerrä bäbegi berdi-de agşamlyk taýýarlamaga başlady. Hanym Gansonyň adamsy Kerrä birnäçe sowal berip, agşamlyk gazedini okamana oturdy. Ol şeýle ýuwaş adam, Amerikada doglan, şweýsar kaka, we häzir bolsa öri meýdanda buz sowadyjylaryny tämizleýji bolup işleýärdi.Onuň aýalynyň uýasyna bolany bolmany tapawut etmeýärdi. Onuň daşky görnüşi birjede täsir etmeýärdi. Onuň bir göz astynda, Çikagoda işlemek mümkinçilikleri bolupdy.
“Şäher uludyr!” Hemmeler ýaly senem edil birnäçe günden bir ýerläk işe ýerleşersiň-diýip ol aýtdy. Owal başdada işläp, öz harajadyňa öziň tölemeli boljakdygy gürrüňsiz mälimdi. Jenap Ganson tämiz, ymtylyşly adamdy we mundan başgada onuň şähere ýakyn bolmadyk, günbatar gapdalda bolan 2 sany uly, satyn alynan mellek ýeri üçin, birnäçe aý bäri yzygiderli töleg edip durýardy. Ol bu ýerde öý gurmak arzuwy bilen ýaşaýardy.
Aralykda, naharyň duzuna seredilip,taýýarlanyp duran wagty, Kerri otagda özine okamana wagt tapdy. Onuň sähelçe syn bilen duýmak zehini bardy, adatça, bu her bir zenanda bar bolan baý duýgydyr. Ol bu ýerde birmeňzeş garyp durmuşyň ýaşaýandygyny aňşyrdy. Otaglaryň diwarlarynda ýüzüne tutulan gelşiksiz kagyz bardy. Pollaryň üsti halyçalar bilen ýapylypdyr, zalda bolsa ýukajyk haly düşelip ýatyrdy. Bir gözüňe ilen, mebel gytdy. Howlukmaçlyk bilen hiline görä möhlete bölüp öýlerden satyn alynan ýalydy .
Kerri aşhana Minni bilen oturdy, bäbek aglaýança saklap durdy. Soňra Kerri ýöräp, oňa aýdym aýtdy, tä Ganson biynjalyk bolup okaman bäbegi alýança. Bu diýmek, onuň gowy häsiýetiniň bardygyny görkezýär. Ol çydamly adamdy. Şu ýerde-de onuň perzendini gowy görýändigi mälim.
–Häzir, häzir- diýip Ganson ýetişdi we onuň sesinde Şweýsar basymynyň bardygyna göz ýetirdi.
—Sen ilki şäheri göresiň gelýänä däldirle, hä?- diýip Minni agşamlyk naharyny iýýärkäler sorady. “ Ýagşy, ýagşy, biz dynç güni Linkoln parky görmäne gidäýeris”
Kerri Gansonyň bu barada hiç zat diýmedigini aňşyrdy. Onuň kellesinde başga bir pikiriň bardygy görünýärdi.
“Ýagşy men daş-töweregime ertirden başlap, anna we şenbe günleri göz aýlaryn. Haýsy söwda bölümi? bu biraz alada bolmasyn”-diýip Kerri aýtdy.
Minnie düşündirmäne başlady,ýöne onuň adamsy bu gürrüňdeşligi düşündirmek üçin öz üstüne aldy.
-Ine- Ine, şol ýer gündogar…diýip, ol düşündirmäge başlady we eli bilen görkezdi.
Soňra ol uzak gürrüňdeşliginiň dowamynda Çikagoda işden çykarmak hakynda aýdanyna göz ýetirdi. Sen iň gowusy Franklin köçäniň ugrundaky uly önümçilik jaýyna seret, derýanyň o ýüzündedir.- diýip ol sözini tamamlamanka, –Ol ýerde köp gyzlar işleýär. Ýuwaşjadan öý edinersiň. Bu uzakda däl.
Kerri kellesini ýaýkady we uýasyna goňşusy barada aýtdy. Minni soňky aram sesi bilen özüniň bileninden biraz ýetirdi. Ganson özüniň çagasy bilen başagaýdy. Ahyrsoňy, ýerinden turdy-da, çagasyny aýalyna uzatdy.
-Men ertir ir turup, giç ýataryn-diýip özüni koridoryň beýle ýüzündäki kiçijik garaňky ýatylýan otaga atdy.
-Ol ýoluň düşen ýerindäki öri meýdanda işleýär, şeýle-de ol sagat bäşiň ýarynda turýar- diýip, Minni düşündirip aýtdy.
-Sen irden ertirlik taýýarlamak üçin näçede turýarsyň?-diýip Kerri sorady.
-Bäşden ýigrimi minut işlände.
Günüň işini bilelikde taýýarladylar. Uýasy Minni çagasyny geýindirip, ýatyrmagyna deňiç Kerri gap-gaçlary ýuwýardy. Minniniň ähli hereketleri onuň bu işleri köpden bäri edýänindigni görkezýärdi. Kerriniň başyna düşen bu işi her gün görmeli bolar, Minni bolsa
Şol bir wagtyň özünde Kerri kellesine gelen pikir Drue bilen onuň arasyndaky gatnaşygy görýärdi, sebäbi ol ony taşlapdy. Ol bu ýere hiç gelmedi. Ol muny Hansonuň özüni alyp barşyndan, Minniniň ýüzi soluklygyndan , jaýyň içiniň howasyndan bilýärdi. Eger Hanson her gün agşam otagyň öňünde gazet okap, gije sagat 9-da ýerine geçse, Minni biraz sähel gijiräk ýatýan bolsa, olar Kerriden başga bir zat gözläp bilerlermi? Ol özini oňarmak üçin ilkinji nobatda iş edinmeli boljakdygyny, işiň görnüşleri bilen tanyşmak gerekdigini düşünýärdi. Drue bilen onuň arasyndaky geçen näz-kereşme gürrüňdeşlik bolsa indi oňa adatdan daşary zat ýaly göründi.
- Ýokla, ol bu ýere gelip bilmezem-diýip, özüniň içini gürletdi.
Kerri öz uýasyndan kagyz bilen syýa isledi. Kagyz we syýa myhman otagyndaky gutynyň içinde durýardy we haçan-da sagat on bolup ýatmana gidende Drueniň kartyna salgylanyp, hat ýazmana başlady:
“Men sizi bu ýere çagyryp bilmerin, siz ýene-de biraz wagt garaşyň, meniň uýamyň jaýy biraz kiçiräkdir”
Kerri ýene-de näme ýazjakdygy barada oýlanyşdy. Otluda bir ýer-de wagt geçirendiklerini ýatlatmak isledi, emma utanjaňlyk oňa böwet boldy. Kerri oňa bolan minnetdarlygyny gödeklik bilen jemleýärde, soň öz adyna gol çekmegiň resmi däldigini oýlanýar we “hakykatdanam” sözüni üýtgedilen“ çyn ýürekden” sözüne jemläp ýazýar. Kerri haty ulaldyp, salgylandy, düşegi bolan öňdäki ýatylýan otaga geçip, kiçijik oturgyjyny açyk penjirä çekdi we gijäniň ajaýyp köçelerine sessiz-üýnsiz seredip oturdy. Ahyroňy öz pikirlerinden bizar bolup, oturgyjynda zerarly ulalyp başlady we ukynyň zerurlygyny duýup, gije eşiklerini tertibe salyp, ýatmak bilen boldy.
Ertesi irden sagat sekizde oýanan-da Hanson çykyp barýardy. Kerriniň uýasy bolsa nahar otagyny we oturylýan ýerlerini süpürýärdi. Ol işlerini bolup, geýindi, özi üçin azajyk ertirlik taýýarlandy, soňra Minni bilen haýsy tarapa seretmelidigi barada maslahatlaşdy. Kerriniň soňky sapar göreninden bäri, ol ep-esli üýtgäpdir. Ol häzir öňküsinden horlanypdyr, ýigrimi ýedi ýaşly zenan, adamsynyň durmuşyna reňk goşan lezzetli we borçly düşünjelerine has çalt gatyşmak onuň ýaşlygyna ýazylan ýalydy.Ol Kerrini, bolmagyny isleýändigi üçin däl-de , öýünde nägileligi sebäpli çagyrdy, belki-de iş tapyp, tagtasyny şu ýerde töläp bilerdi. Görnüşe seredeniňdä ol begenýärdi, ýöne iş meselesinde adamsynyň pikirini görkezýärdi. Hepdäni 5 dollar tölemek bilen başlansa, islendik zat gowy bolup gider-diýýär. Dükan gyzy, täze gelen adamyň ykbalydy. Ol uly dükanlaryň birine girip, birzat bolýança gowy edip bilerdi. Bularyň ikisi-de nämedigini anyk bileýärdi. Mahabatlandyrma barada pikirlenmediler.
Olar durmuş gurmagyna doly ynanmaýardylar. Iň gowusy ýüze çykýança, garaňky bir görnüşde dowam ederdi we Kerri şähere gelip zähmet çekendigi üçin sylaglanardy. Şeýle ajaýyp şertlerde, şu gün irden iş gözläp başlady. Gözleginde ony yzarlamazdan ozal, geljeginiň ýatjak sferasyna seredeliň. 1889-njy ýylda Çikagoda özboluşly ösüş kwalifikasiýasy bardy, bu başdan geçirmeleri hatda ýaş gyzlar tarapyndan hem zyýarat edildi. Köp we ösýän täjirçilik mümkinçilikleri oňa giň ýaýran şöhrat berdi, bu ägirt uly magnit bolup, ähli tarapdan özüne umytly we umytsyzlyk- henizem gazanç edip bilmedikleri we baýlyklary we işleri başga bir ýerde betbagtçylyga ýetenleri özüne çekýärdi. Bu 500 milliondan gowrak şäher bolup, bir million metropolisiň hyjuwy, batyrlygy, işjeňligi bardy. Onuň köçeleri we jaýlary ýetmiş bäş inedördül mil meýdanda eýýäm dargady. Ilaty beýlekileriň gelmegine taýynlyk gören pudaklarda bolşy ýaly, döredilen söwda-da beýle bir gülläp ösmedi. Täze desgalary gurmak bilen meşgullanýan çekijiň sesi hemme ýerde eşidilýärdi. Uly pudaklar hereket edýärdi. Bu zatlaryň geljegini öňünden bilýän ägirt uly demir ýol korporasiýalary geçirmek we ýük daşamak maksady bilen giň ýerleri eýeledi. Köçe awtoulag linýalary çalt ösmegine garaşyp açyk ýurda uzadyldy. Şäher birnäçe kilometr we köp kilometr köçeleri we kanalizasiýalary geçiripdi, belki-de ýeke täk öýüň ýeke özi-de meşhur bolup, ilatyň köp bolmagynyň öňdebaryjylygyny görkezip bilerdi. Güýçli şemallar we ýagyşlar üçin açyk sebitler bardy, henizem uzak gijäniň dowamynda şemalda öwüsýän uzyn ýalpyldawyk gaz çyralary bilen yşyklandyryldy. Dar tagtada gezelençler uzaldy, bu ýerden bir jaý geçdi we uzak aralykda dükan, ahyrsoňy açyk jülgede gutardy.
Merkezi böleginde iş üçin habarsyz gözlegçiniň köplenç gidýän giň satuw we söwda sebiti bardy. Bu Çikago üçin häsiýetli we beýleki şäherler tarapyndan umumy däl bir zat bolup, haýsydyr bir görnüşli firma aýry-aýry binalary eýeleýärdi. Giň ýeriň bolmagy muňa mümkinçilik döretdi. Ofisi birinji gatda we köçäniň açyk görnüşinde ýerleşýän lomaý jaýlaryň köpüsine özüne çekiji görnüş berdi. Häzirki wagtda giňden ýaýran penjire aýnalarynyň uly tabaklary çalt ulanylyp başlandy we birinji gatdaky ofislere ajaýyp we abadan görnüş berdi. Tötänleýin gezelenç, köp sanly ofis enjamlaryny, aýazly aýnany, işde işleýän kätipleri we “asylly” kostýumly telekeçileri we toparlarda oturan ýa-da arassa ýorgan düşekli işewür adamlary görüp bilýärdi. Kwadrat daş girelgelerinde ýalpyldawuk bürünç ýa-da nikel belgileri firmany we söwda işiniň häsiýetini has arassa we ätiýaçly ýagdaýda yglan etdi. Tutuş şäher merkezi, umumy ýüz tutujyny aşa köpeltmek we ýok etmek, garyplyk bilen üstünligiň arasyndaky boşlugy giň we çuň görmek üçin hasaplanan we ýokary kuwwatly howany eýeledi.
Bu möhüm söwda sebitine Kerri gidipdi. Wan Büren köçesinden gündogara importy azaldýan sebitden geçdi, tä köp sanly kömür we kömür howlusyna öwrülip, ahyrsoňy derýanyň kenaryna çykdy. Iş tapmak üçin dogruçyl islegiň ýolbaşçylygynda bolup geçýän sahnanyň gyzyklanmasy bilen her ädimde gijä galdy we düşünmedik güýç we güýç subutnamalarynyň arasynda özüni ejizlemek duýgusy bilen öňe gitdi. Bu giň binalar, olar näme? Bu geň güýçler we ägirt uly gyzyklanmalar, olar haýsy maksatlar üçin bardy? Kolumbiýa şäherindäki kiçijik daş kesiji howlynyň şahsy peýdalanmagy üçin ownuk mermer böleklerini oýup, manysyna düşünüp bilerdi, ýöne haýsydyr bir ullakan daş korporasiýasynyň howlusy göz öňünde tutulanda, duralgalar we tekiz awtoulaglar bilen dolduryldy. Derýa we agaçdan we polatdan ýasalan kranlar bilen üstünden geçip, kiçijik dünýäsinde ähmiýetini ýitirdi. Uly demirýol howlularynda, derýada gören köp sanly gämisi bilen şeýle boldy we suwuň kenaryna hatar bolup, ýolda ullakan zawodlar bardy. Açyk penjireleriň üsti bilen işleýän aýnalarda erkekleriň we aýallaryň şekillerini görüp bolýar. Uly köçeler onuň üçin diwar bilen syrlanan syrlardy; ägirt uly ofisler möhüm adamlardan uzakda ýerleşýärdi. Ol diňe özleri bilen baglanyşykly adamlary pul hasaplamak, ajaýyp geýinmek we wagonlara münmek diýip pikir edip bilerdi. Näme bilen meşgullanandyklary, nädip zähmet çekendikleri, haýsy netijä gelendigi barada diňe düşnüksiz düşünje bardy. Bularyň hemmesi ajaýypdy, hemmesi uzakda ýerleşýärdi we içinden ruhuna çümdi, ýüregine çümdi, bu güýçli aladalaryň haýsydyr birine girmek isleýän ýa-da edip biljek bir zadyny sorajak bolup, ýüregine siňip gitdi.
Iňlis dilinden türkmen diline terjime eden: Oguloraz Orsberdiýewa,
Gökdepe etrabynyň 12- nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.