SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti habar berýär. 

Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

Ýeri gelende aýtsak, 2020-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzilinden diňe Aşgabat ýa-da Daşoguz şäherlerine däl, möwsümleýin görnüşde Türkmenbaşy şäherine hem gatnawlar ýola goýulýar. Deňiz ýakasyndaky şähere goýulýan uçar gatnawy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen baglydyr.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler