JEMGYÝET

Kentaki howa menziline Muhammet Alynyň ady dakylar

Sport dünýäsinde «Ähli döwürleriň ussady» diýlip tanalýan, 2016-njy ýylda 74 ýaşynyň içinde aradan çykan, ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammet Alynyň ady doglan ýerindäki howa menzilinde ebedileşdirilýär.

Amerika metbugatyna görä, Kentaka degişli bolan «Luiswil» ýerli howa menziliniň ýolbaşçylar düzüminiň maslahatynda bu howa menzilini geljekde «Luiswil Muhammet Aly halkara howa menzili» diýip üýtgetmek barada karar kabul edildi.

Ady rowaýata öwrülen boksçynyň aýaly Lonni Aly gelnen karar barada pikirini şeýle sözler bilen beýan etdi: «Aly, bütin dünýäniň ogly bolmagyna garamazdan, dogduk ýerini hiç haçan unutmady. Bu gün bolsa dogduk şäheri onuň adyny ebedileşdirip, bitiren işlerine serpaý ýapdy».

Howa menzili tarapyndan berlen beýanatda meşhur boksçynyňa adynyň dakylmagy bilen bagly işleriň bir ýyldan bäri dowam edip gelýändigi aýdylýar. Meseläniň gyzykly tarapy, bu taryhy karara Muhammet Alynyň doglan gününden bir gün öň gelindi. Eger meşhur boksçy ýaşap ýören bolsa, 77-nji doglan gününde bu kararyň şatlygyny başdan geçirerdi.

Ýene-de okaň

Professor Ýusup Azmun: “Makul Sözlük” diňe bir türkmenler üçin däl, eýsem beýleki halklar üçin hem peýdalydyr

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (39-sany)

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçirilýär