Türkmen dili uzak asyrlaryň dowamynda goňşy diller bilen gatnaşykda bolupdyr. Olardan köp sözler alyp, türkmen diliniňöz içki düzgünlerine görä üýtgedip, olary öz söz hazynasyna goşupdyr. Edil şu hadysany başga dillerde-de görýäris. Şonuň üçinde her bir diliň iň gadymy sözleriniň käbirleriniň başga dillerde saklanýandygyny görmek mümkin. Käbir alynma sözleriň başga bir diliň içki düzgünlerine laýyklykda üýtgäp, soňra täze bir söz hökmünde, öz dörän diline gaýdyp gelmeginiň-de şaýady bolup bileris. Çünki dil janlydyr, ol mydam hereketde. Onsoň her bir janly zat ýaly, ol durmuş bilen aýakdaş yzygiderli ösýär, özgerýär. Göräýmäge, durmuşlarynda birnäçe asyrlap duýarlykly özgeriş bolmadyk halklaryň dilleri-de barybir özgerýär.
Türkmen dili asyrlaryň dowamynda beýleki diller bilen semantik
gatnaşykda bolupdyr. Türkmen diliniň goňşy eýrany diller, ylaýtada pars dili bilen aragatnaşygy bolsa örän ir, biziň eýýamymyzdan öň başlanypdyr. Uzak asyrlar boýy bu iki diliň arasynda giňişleýin söz alyş-berşi dowam edipdir. Geliň bu ugurda kejebe sözüni ylmy esasda derňewe salalyň.
Pars dilinde kejebe sözüni kejebe, köjebe, köçebe, köçoba ýaly görnüşlerde okamak mümkin.
Pars edebi dilinde iň köp ulanylýan käja:ve görnüşidir. Ol şeýle düşündirilýär: Düýäniň ýa-da gatyryň üstünde, haýwanyň iki gapdalyna berkidilen, üsti açyk ýa-da kölegeli, her biriniň içinde bir ýolagçy ýerleşip biljek agaçdan öýjükler; gadym wagtlarda ýolagçy daşamak üçin ulanylýardy.
“Burha:n-y Ka:ty” atly sözlük-de keja:be sözüni köplenç Käbe ýolunda düýäniň ýa-da gatyryň üstünde gurlup, üstüne münülýändigi aýdylýar. Latyn dilinde bolsa şeýle düşündirilýär: Arabalaryň ýada düýeleriň üstünde gurulýan, içinde aýallaryň oturýan, erkekleriňde ýolagçylyk edýän çadyry.
Türkmen diliniň sözlügi-de kejebe sözüne şeýle düşündiriş berýär:
- Gelin alnanda, gelni düýä mündürip alyp gaýtmak üçin, ýörite agaçdan ýasalýan üsti dört tarapa ýapgyt enjam. 2. Hala salynýan nagşyň bir görnüşi.
Anatolýa türkçesinde gepleşik dilinde, dokmaçylykda ulanylýan, üstüne ýüp geçirilip, çybyklardan ýasalan mäşirik görnüşli bir gurala kejefe diýilýär. Bu-da kejebäň görnüşi bilen baglanyşykly.
Beýleki türki dillerde we gepleşiklerde kejebe ýolagçy daşamak üçin ulanylýan bolsa-da, türkmen dilinde diňe gelin üçin ulanylýandygy aýdylýar.
Kejebä gadym zamanlarda beýik ýerde ýörite gurlan orun, çadyr, öý diýip düşünilipdir. Çagataýçada bu söz “küçük haýme” (kiçijek çadyr) we “çadyr halky” manysynda düşündirilýär ( Lugat-y Çagtaý, 1298 R: 23).
Muhammed Mehdi Han Astarabadi tarapyndan ýazylan “Sänglaḫ” atly sözlükde oba sözi şeýle düşündirilýär: Çölde ýaşaýanlaryň bir ýerde dikip, içinde ýaşaýan çadyrlary.
Türk dilinde-de oba sözi “göçüp gonýan halkyň çadyry” manysynda ulanylýar (T. S. 1998: t. II, 1667).
Türkmen diliniň sözlüginde oba “Daýhançylyk bilen meşgullanýan ilatly ýer” diýlip düşündirilyär (s. 476). Aslynda oba – birnäçe çadyrdan (öýden) ybarat göçüp-gonup ýören halkyň ýaşaýan ýeri bolmaly. Soň bu söz başga-başga manylara-da eýe bolupdyr.
Türkmen/türki sözler üçin, ylaýta-da pars diline geçen türki sözler üçin belli bir düzgüni bolan orfografiýanyň bolmadyk döwürlerinde, birnäçe türki söz orfografiýa düzgünleri garjaşdyryp, fonetiki taýdan ýoýulmalara sezewar bolupdyr. Orfografiýasy üýtgän sözler soňra pars sözi görnüşinde ulanylyp, pars sözi hökmünde başga dillere geçipdir.
Belleýşimiz ýaly, oba – göç evi hem diýýär. Şonuň üçin göç evi bar bolsa göç < köç obasy-da bolup biler. Diýmek, köç oba > köçoba, köçöbe > köjöbe >köjebe > kejebe > kejewe bolýar.
Kejebe düýebaşlyk, düýedyzlyk, Uly we Kiçi bukja, burunlyk, jygaly owsar, asmalyk, düýehalyk bilen bezelipdir. Kejebe gadymy türkmen medeni-durmuşynyň gymmatly taryhy mirasydyr.
Ýusup AZMUN,
professor, dilçi-türkolog, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet
baýragynyň eýesi, Beýik Britaniýanyň Lingwistler institutynyň agzasy.