JEMGYÝET

Kazandan uçar gatnawy bilen ýük ibermek

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde amala aşyrýan Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawynda täjirçilik ýüklerini hem ibermäge mümkinçilik döredýär. Bu barada awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň  “turkmenistanairlines.ru” internet saýty habar berýär.

Iberiljek ýüküň iň az agramy 45 kilogramdyr. Eger ýük 45 kilogramdan az bolsa-da, onuň bahasy 45 kilogram agramdan hasap edilýändir. Ýüküň ugradylmagy bilen baglanyşykly gümrük resminamalaryny uçuş wagtyndan öň amala aşyrylmagy zerurdyr.

Ýüküň resmileşdirilmegi üçin ýük wekili Jet Port Region: jetport@mail.ru, tel.+79872269963, +78432269963 habarlaşylmalydyr.

Gümrük resminamalary resmileşdirilmedik ýükler ibermek mümkinçiligi ýokdur.

 

Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnaw

Ýene-de okaň

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Gazagystan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri