TESWIRLER

”Kaýda watan rurduň gardaş Abdylla”

Bütin ömüni türkmen taryhyna bagyş eden  akademik Myrat Annanepesowyň ýagty   ýadygärligine bagyşlanýar.    

         Duşmanlaryň dyngysyz çozuşlaryndan bez bolan gökleň-gerkez türkmenleri, Nedir-şanyň garşysyna harby bileleşik döretmek maksady bilen 1740-njy ýyllarda owgan şasy Ahmet Dürranynyň ýanyna öz ilçilerini ýollaýarlar.

Ol toparda Döwletmämmet Azadynyň ogly Abdylla-da bar eken. Emma möhüm iş bilen ýola çykan ýigitler galagop owgan ýolunda ýitip gidýärler. Olaryň Owganystana barandygy-barmandygy-da belli bolmaýar.

Bu ýitgi il deňinde akyldar şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgalasyna-da uly urgy bolýar. Onsoň Azady “Sapar şowsuz bolsa, indi iliň güni nähili bolar?” diýip arman etse, birek-birege özara sarpasy uly maşgalada doganlar “Abdylladan aýryldyk” diýip, gam-gussa batýarlar.

Onsoň birnäçe ýyl garaşyp, Döwletmämmet Azady diri ýiten Abdyllanyň gözlegine öz körpe ogly Mämmetsapany ýollaýar. Emma, gynançly ýeri, owgan ýolunda Mämmetsapa-da ýitip gidýär. Bu Döwletmämmet Azadynyň maşgalasyna has-da agyr düşýär. Magtymgulynyň Abdylla bilen Mämmetsapanyň keç ykbalyna bagyşlap yazan elegiýasy bu hasratyň beýanydyr.

Göçi-gony birle gitdi Abdylla,

Hemme giden geldi, bular gelmedi.

Mämmetsapa gitdi kömek bermäge,

Uzadanlar geldi, bular gelmedi. (Magtymguly. Bular gelmedi. Aşgabat: “Türkmenistan”, 1983. Tom 1, s. 59).

Türkmeniň akyldar şahyry Azadynyň maşgalasynyň başyndan inen bu goşa hasrat barada, has-da Muhammetsapanyň “ýiteniň yzynda ýitmegi” bilen bagly taryh bilen bagly şondan soňky döwürde kän pikirler, çaklamalar öňe sürlüpdir.

Türkmen taryhçylarynyň, edebiýatçylarynyň köpüsi, şol sanda Magtymgulynyň biografiýasyny öwrenijiler-de Abdyllanyň we Mämmetsapanyň Owganystana barýan ýolda heläkçilige uçrandyklaryny çak edýärler. Bu, elbetde, dürs pikir. Nedir şanyň höküm süren döwründe Eýranyň üstünden Owganystana geçmek örän hatarly iş bolupdyr. Bu ýagdaýdan ugur alsaň, onda ne Abdyllanyň ilçiler toparynyň, ne-de soňra olaryň yzyndan giden Mämmetsapanyň diri galjagyna umyt bar. Sebäbi, eger diri bolsalar, ol ýigitler hökman yzyna geläýjek ýaly. Emma durmuş käte biziň çakymyzdan has çylşyrymly bolup çykýar.

Herhal diňe bir adam – arhiw materiallaryny has içgin öwrenen görnükli tarhyhçy alym, professor Myrat Annanepesow iň bärkisi Mämmetsapanyň ykbalyna degişli adaty çaklamalardan tapawutly faktlaryň-da bardygyny bilipdir. M. Annanepesowyň tassyklamagyna görä, Mämmetsapa Owganystana baryp ýetmändir. Ol ölüm howply uly kynçylyklara uçrap, halys alaç tapman, ahyrsoňy Eýranyň içinde at başyny Ýezd şäherine garşy öwürmäge mejbur bolupdyr. Meger, onuň ýanynda iki-ýeke atlylary-da bolsa bolandyr, ýöne bu barada ýatlama galmandyr.

Elbetde, bu eşiden badyňa ünsüňi özüne çekýän örän gyzykly maglumatdy. Arman, şol wagt men, halypa taryhçydan sorap, bu maglumatyň düýbüne ýetmändirin. Ýöne welin has soňra, 1998-nji ýylda, men gökleň-gerkez ilçiler toparynyň Ahmet Dürranynyň döwründe Owganystana barýarka agyr ýolda ýitip gidişi, soňra-da olaryň gözlegine iberilen Mämmetsapanyň saparyna degişli diýseň gyzykly gürrüňi Aşgabada aýdym-saz topary bilen gelen Eýran türkmeni, merhum dutarçy Penji Peýkerden jikme-jik yazyp aldym.

Bu gün men Mämmetsapa baradaky ol gyzykly maglumaty türkmen okyjylarynyň dykgatyna ýetirmekçi.

Merhum Penji Peyker kän ýyl mundan öň Eýranyň Ýezd welaýatyna aýdym-saz festiwalyna baranda, ol welaýatda Mämmetsapanyň neberesinden bir adama duşupdyr. Onuň ady Aly Mahdumzada eken. Penji Peýker bu barada maňa Aşgabatda görşenimizde şeýle gürrüň berdi…

“Ir wagtda Eýranyň Yezd şäherinde Halk aýdymlarynyň festiwaly geçirildi. Ol festiwala türkmen aýdymçylary we sazandalary-da çagyryldy. Şonda biz birinji ýere mynasyp bolduk.

Şonda Ýezd telewideniyesinde türkmen aýdym-saz toparynyň adyndan men çykyş etdim. Men öz çykyşymda aýdan aýdymlarymyzyň köpüsiniň sözleriniň Magtymgulynyňkydygyny gürrüň berdim we beýik şahyryň garyndaşlaryna çyn ýürekden türkmen salamyny ýetirdim.

Şol günüň ertesi bu gepleşigi gören Mämmetsapanyň yedinji neberesinden bolan Aly Mahdumzada (Bu familiýa Magtymgulynyň adyndan alnan bolsa gerek?), maňa jaň etdi. Ol özüniň Ýezde bagly Erdekan şäherinde ýaşaýandyňyny aýtdy. Muny eşidip, biz öýe gaýtmagymyzy biraz soňa goýduk. Oňa derek biziň hemmämiz Erdekana gitdik. Aly gaty heýjanlydy. Durman bizi gujaklaýardy. Soňra Aly bizi şondan 300 ýyl çemesi öň Mämmetsapanyň we onuň ýanyndaky atlylaryň gelen ýoluny görkezmäge äkitdi. Dag içindäki Çopan ýolunyň ugrunda, bir gyrada Mämmetsapanyň gubury bar eken. Biz oňa zyýarat etdik. Guburyň başujunda mazar daşy bardy. Nebereleri onuň guburynyň nirededigini maşgala şejeresinden tapypdyrlar. Şejeredäki maglumata görä, ölen güni özüni nirede ýerlemelidigini Mämmetsapa öňünden aýdyp goýupdyr. Mazarlygyň ýanynda öli ýuwulýan jaý, Omar metjidi we Zerduşt dininiň ybadathanasy ýerleşýär.

Taryhy maglumatlardan habar alsak, Döwletmämmet Azady körpe ogly Mämmetsapany şondan birnäçe ýyl öň owgan patyşasy Ahmet Dürranynyň ýanyna barýarka ýitip giden Abdyllany tapyp gel diýip iberipdir. Emma ol wagtlar Nedir-şanyň nökerleri owgan ýoluny berk göz astynda saklaýan ekenler. Olar bilen ýüzbe-ýüz bolmak – ajala el bulamak. Şol sebäpden Mämmetsapa dag içindäki Çopan ýolundan ýöräp, Sistanyň üsti bilen Owganystana aşmakçy bolupdyr. Erdekana baranda, ol etraby türkmeniň ganym duşmany gajar hany Agamämmediň soraýandyny bilip, tanasa öldürer diýip, özüne Rabi adyny alyp, Erdekanda galyberýär. (Rabi – arapça dördünji diýmek. Bu ady onuň Azadynyň maşgalasynda dördünjj çagasy bolansoň, alan bolmagy-da ähtimaldyr).

Soňra ol şol ýerde öýlenipdir. Emma özüniň kimdigini, aslynyň niredendigini gizlin saklapdyr. Mämmetsapadan bäş ogul önüpdir. Ölüm ýassygynda ýatyrka, ol ogullaryna ömürboýy gizlin saklan syryny açypdyr. Emma bilseler, sizi öldürerler diýip, olara-da bu syry açmazlygy tabşyrypdyr. Ogullary bu sargydy berk tutupdyrlar. Mämmetsapanyň nebereleri öz asyllaryny soňky Eýran şalary döwründe-de açmandyrlar.

Aly Mahdumzadanyň kakasy Jewad hem by maşgala syryny ogluna geçiripdir. Ol hem ony 15-16 ýyllap gizlin saklapdyr. 1996-1997-nji ýyllarda bir gije Mahdumzadanyň kakasy onuň düýşüne giripdir we “Bu syry indi aç!” diýipdir. Şondan soň Mahdumzada Jergelandaky türkmenlerden Ata işanyň we Gara işanyň maşgalalary bilen ýakyn gatnaşyk açypdyr. Soňra Gara işanyň ogly Abdylla Mahdumzadanyň gyzyna öýlenipdir.

Türkmensähraly Abdylla kakasynyň ýygnan taryhy materiallaryna eýe bolup, saklanyp galan gymmatly golýazmalaryň, faktlaryň, ýatlamalaryň, ýadygärlikleriň esasynda kiçeňräk muzeý döredipdir. Ol muzeý häzir hem bar.

Men hem bu gün, ýagşy adamlaryň goldawyna daýanyp, beýik Magtymgulynyň maşgalasyna degişli bu gymmatly taryhy maglumatlary öz mähriban türkmen okyjylarymyza ýetirýärin.

                                                                                                    Ýusup AZMUN,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureýaty,

dilçi we edebiýatçy alym, professor.

Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.

Ýene-de okaň

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir

“Kejebe” sözüniň gelip çykyşy

Ýara ýaraşar üç müçe we ýara ýaraşar sürmeçe

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?