SPORT

Katar-2022: Messili Argentina ýarym finalda

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. 1/8 finalyň çäklerinde Niderlandlar bilen Argentina duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 tamamlandy. Oýnuň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Munuň netijesinde, Argentina Niderlandlary 4:3 hasabynda ýeňdi.

Argentina 35-nji minutda Nahuel Molinanyň goly we 73-nji minutda Lionel Messiniň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy. Ruhdan düşmeýän niderlandlar 83-nji we 90+11-nji minutda Wout Weghortuň gollary bilen hasaby deňledi.

Soňra goşmaça 30 minut berildi. Onda-da ýygyndylara hasaba açmak başartmady we netijede 11 metrlik jerime urgularyndan Argentina ýarym finala çykdy.

Argentinanyň ýayrm finaldaky garşydaşy Horwatiýa boldy.

Lionel Messi bu duşuşykdaky goly bilen Gabriel Batistutanyň 10 golluk rekordyny gaýtalady.

Messi karýerasyndaky 1001–nji duşuşygynda dünýä çempionatyndaky gollarynyň sanyny 10 gol geçirdi.

Lusail stadionyndaky duşuşyga 88 müň 235 janköýer gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady