“Galam” sözi “çemçe” manysynda günbatar Türkmenistanda giňden ulanylýan söz. Bu söz eýran türkmenleriniň arasynda-da ulanylýar.
Galam sözüniň ulanylyşy bilen baglanyşykly gülküli bir hekaýat hem bar. Esgerlik gullugyny Eýranda azerbaýjanlaryň oturýan bir obasynda mekdep mugallymy bolup geçiren türkmen Agöýli, bir gün nahar iýjek bolanda, çemçe tapmandyr. Şonda bir okuwçysyna azerbaýjançalap:
“Mәnә bir gәlәm gәtir” diýýär. Şonda çemçe getirmeli okuwçy eline bir hat ýazylýan galamy (ruçkany) alyp gelýär!
Türkmençede “ýazuw guraly” manysynda ulanylýan galam sözüniň arap dilindäki ḳaläm sözünden gelip çykandyr.
Häzirki zaman türkmen dilinde kaşyk sözi dialektlerde “çemçe” manysynda ulanylýar (T. D. S., 1962: 372). Örän gadym geçmişi bolan bu köne söz edil şol manyda häzirki zaman pars dilinde ġa:şoġ görnüşinde saklanypdyr. Bu söz gadymy kaşuk sözünden alnypdyr. Häzirki zaman täjik dilinde bu söz ko:şuk, Owganystanda-da ka:şuk görnüşinde ulanylýar.
Kaşyk sözüniň gelip çykyşy hakynda üýtgeşik düşünjeler bar. Clauson kaşuk sözüniň “gaşamak bilen içi boşadylan zat” diýip düşündirýär (Clauson, 1972: 671). Hasan Eren bu düşünjäni ynandyryjy däl diýip hasap edýär we türkçe kaşyk sözüniň “gaşamak” manysyndaky kaşy- düýp işliginden dörändigini bildirýär we bu söze mongol dilinde kalbaga diýilýändigini ýazýar (Eren, 1999: 216–217).
Eren, käbir türk dillerinde “uly çemçe” manysynda ulanylýan kalak sözi barada oýlanmak gerekdigini ýazýar we bu sözüň “çemçe” ýa-da “uly çemçe” manylarynda kazan tatarlarynyň dilinde hem-de başgyrt we şor dillerinde bardygyny belläp geçýär (Eren, şol ýerde).
Doerfer-de kaşuk sözüniň etimologiýasyny mongolça kalbuga bilen baglanyşyklykda çözmäge ymtylýar we bu sözi kaş + uk şekilinde düşündirjek bolýar. Ýöne ol –uk goşulmasynyň mongolça bolmandygyny we diňe türkçede kiçeltmäni aňladýan goşulmadygyny ýazýar hem-de mongolça lb- = türkçe –ş- görnüşindäki ses üýtgemesini ynam edip bolmajak formula diýip hasap edýär (TMEN, 1963: t. III, s. 390–391).
Hasan Eren kalak sözi bilen gyzyklanmandyr. Onuň görkezen mysallaryna ýene birnäçe mysal goşmak mümkin: türkmen gepleşik dilinde, öňki belleýşimiz ýaly, kalam > galam “çemçe” diýmek; çuwaş dilinde “kürek görnüşli çemçä” kalek diýilýär (Paasonen, 1950: 58); gyrgyzçada kalak sözüniň bir manysy “kiçijek kürek” diýmekdir.
Mahmyt Kaşgaryda ka- işlik düýp sözi “ýygnamak, sandyga salmak” manylarynda iki mysalda kady (ýygnady) şekilinde görkezilýär we munuň şu manyda ýagma dilinde bardygy bildirilýär hem-de bu sözüň täsirli we gulaga ýakymly formasynyň kalady görnüşinde ulanylýandygy ýazylgy (DLT, 1999: t. III, 249).
Özbekçe kalamok (kälämok şekilinde aýdylýar) “üsti-üstüne, ýan-ýana, ýada tertipsiz bir şekilde dykyşdyrmak, doldurmak, ýerleşdirmek, ýygnamak” manylarynda ulanylýar (UTIL, 1981: t. II, 543). Gyrgyzçada kala- işligi “tegelek görnüş berip, üsti-üstüne goýmak” diýmek (Yudahin, 1945: 387). Çagataýçada “üsti-üstüne goýmak, ýygnamak” manysynda ulanylýar (Clauson, Sanglax, 275 r/11-nji setir we Lugat-i Çagataý, s. 221). Azerbaýjan dilinde-de qalamaq (galamaḫ şekilinde okalýar), “ýygnamak” diýmek. Görnüşi ýaly, bu düşündirişleriň hemmesinde “ýygnamak” düşünjesi bar.
Bu maglumatlaryň esasynda kala- işliginden dörän kala-m > galam bir ýygnama guraly bolan çemçäni aňladýar. Edil şunuň ýaly, kalak sözi-de bir ýygnama guraly bolan “kaşyk” diýmek. Başgaça aýdanyňda kalak = kaşuk > kaşyk.
Kalak sözüniň kaşyk sözüne öwrülmegi /l/ sesiniň /ş/ sesine öwrülmegi bilen baglanyşykly bolup biler. Çünki, ýyl > ýaş we ýokarda görkezilen kölige > köşige mysallarynda bolşy ýaly, /l/ sesi /ş/ sesine öwrülip bilýär.
Kaşyk sözüniň ka- düýp sözünden dörändigini-de aýtsa bolarmyka diýýärin. Ka- işlik düýp sözüne –ş- goşulmasy goşulandan soň, düzgün boýunça, “ýygnaşmak, bile ýygnamak” manysynda kaş- işligi emele gelýär. Bu işlige işlikden at ýasaýan –k goşulmasy goşulanda, köneki kaşuk, häzirki zamandaky kaşyk sözi emele gelýär.
Gadymky kaşuk pars, täjik we deri dillerinde öňde agzalan görnüşinde saklanyp galypdyr. Türkmen dilinde bolsa ol kitaby söz hasap edilýär we edebi dilde onuň deregine çemçe sözi ulanylýar.
Şol bir wagtyň özünde “çemçe” sözi-de beýleki türki dillerde “uly kaşyk” manysynda çömçü, çümçä, çömçä ýaly görnüşlerde ulanylýar. Bu sözüň ozalynda çüm- (çümmek) bilen baglanyşykly bolmagy ahmal.
Häzirki zaman türkmen edebi dilinde tarelka halk-gepleşik dilinde terelke ýa-da ta:bak diýilýär. Bularyň birinjisi rusça, ikinjisi-de arapça ṭabaḳ طبق. Häzirki wagtda Eýran türkmenleri onuň kiçeňräk görnüşine pi:şdessi: diýýärler. Bu-da parsça pi:ş-dästi: sözüniň türkmen dilinde aýdylyşy.
Türkmenler içinde nahar iýilýän gaby aňlatmak üçin arap, pars we rus sözlerini ulanýan bolsalar, pars dilinde oňa boşga:b diýilýär. Bu söz Azerbaýjan dilinde-de bar. Pars dilinde surat salynýan ramka-da (çarçuwa) ga:b diýilýär. Içinde nahar bişirilýän gazan ýaly uly alýumin gaba-da pars dilinde ga:bläme قابلمه diýilýär. Eýran türkmenleri oňa gaplama diýýärler.
“SÖZ KÖKÜMIZ – ÖZ KÖKÜMIZ” kitabyndan Awtoryň razylygy bilen alnandyr.
Ýusup AZMUN,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureýaty,
dilçi we edebiýatçy alym, professor.
Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.
