SIZDEN GELENLER

Kastor ýagynyň ähmiýeti

Dürli häsiýetli ýaglar deri we saçlar üçin ajaýyp netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bularyň arasynda (Hindi Bagy) diýip tanalýan kastor agajynyň çigidinden alynýan ýagyň peýdalary hakykatdan hem has-da ýokarydyr.

Bakteriýalara we kömelek keseline garşy örän täsirli we tebigy usul hasaplanýar.

  • Bogun agyrysyny aýyrmaga kömek edýär.
  • Kastor ýagy garramaga garşy täsir edip,tenleri güýçlendirýär.
  • Kastor ýagy çalt döwülýän dyrnaklary güýçlendirýär we ösdürýär.
  • Dürli sebäplere görä bedende ýüze çykyp biljek ýaryklaryň öňüni alýar.

Kastor ýagynyň esasy aýratynlygy dürli saçlar üçin peýdaly bolmagydyr.   Gowşak, seýrek ýa-da ösmeýän saçyňyz bar bolsa, derrew kastor ýagyny alyň we saçyňyzyň köklerine owkalap siňdiriň, soňra tutuş saçyňyzyň ähli ýerlerine ýeterlik derejede çalyň we 2-4 sagat töweregi saçyňyzda goýuň. Isleseňiz, uklamazdan ozal ulanyp bilersiňiz we saçyňyzy pamyk polotensa bilen ýapyp, irden ýuwup bilersiňiz.

Kastor ýagy Gaş kirpiklerini bejermekde hem giňden ulanylýar esasanam kosmetiki önümlerde başga zat bilen çalşyp bolmajak çig mal bolup hyzmat edýär.Ondaky witaminleriň we minerallaryň kömegi bilen kastor ýagy gaş we kirpik ideginde hem kömek edýär. Esasanam gaş dökülme meselesi bolanlar üçin iň halanýan ösümlik ýag çözgüdi hasaplanýar.

Kastor ýagynyň derä berýän peýdalary:

Kastor ýagynda bedenimiz üçin köp peýdaly minerallar we ýag kislotalary, esasanam E witamini bardyr. Şol sebäpli deridäki ýaralar we hiç wagt öçmeýän düwürtik yzlary üçin çözgüt bolup biler. Kastor ýagyny her gije ýatmazdan ozal düwürtik yzlaryň bar ýerine çalsaňyz, wagtyň geçmegi bilen düwürtik yzlaryň azalýandygyny görüp bilersiňiz.

 

Güýjiýewa Aýlar,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Ginnesiň rekordy: çägeden köşk guruldy

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty