Käşir ýagynyň peýdalary
Bilşimiz ýaly ösümlikleriň dermanlyk gurluşlary adamzat üçin elmydama peýdalydyr. Bulara goşulan käşir ýagynyň peýdalary sanamak bilen gutarmaýar. Hakyky witamin dükany bolan käşir, ýagy öwürmek bilen käbir täsirli ýerlerde ulanylyp bilner. Bu peýdalary bilseňiz, ösümlikleriň güýjünden peýdalanyp, tebigy usullar bilen çözgüt tapyp bilersiňiz. Käşir ýagynyň peýdalary näme? Myşsa agyrysyny aýyrmak üçin ulanyp bilersiňiz
Käşir ýagynyň peýdalary näme?
Myşsa agyrysyny aýyrmak üçin ulanyp bilersiňiz
Bagyr we öt haltasy üçin peýdaly
Içege gazlary we iýmit siňdirmek üçin peýdaly
Aşgazan ýaralary üçin gowy täsir edýär
Ýokançlyklara we mikroblary öldürmeklige garşy hem-de deriniň guramagynyň öňüni almak we derini nemlendirmek üçin şeýle-de dümew, bronhit we ýokarky dem alyş ýollarynyň keselleri üçin peýdaly.
Içege gurçuklarynyň azalmagy , stressden dynmak üçin,holesterini we ýokary gan basyşyny ýokarlandyrmakda täsirli bolandygy mälimdir.
Käşir ýagyndan alynýan önümler
El ýuwujy serişdeler, sabynlar, kremler, losýonlar we atyrlar ýaly önümleri arassalamakda ulanylýar. Käşir aşhanada süýt desertlerinde, konditer önümlerinde we çörek önümlerinde ulanylýan önümdir. A witaminiň güýçli çeşmesi bolany üçin, gün şöhlesinden we kremlerde ulanylýar.
Käşir ýagynyň derä peýdalary
Käşir ýagynyň derä berýän peýdalary aslynda E witamine örän baý, şonuň üçin derini bejermekde we täzelemekde täsirli. Size tekiz, ýumşak we ýaş görünýän deri berýär. Deri gijilewiginiň öňüni alýar we ýarylan we guradylan ýerleri bejermekde täsirli. Mundan başga-da, käşir ýagy deriniň meneklerini azaltmakda peýdaly täsiri bardyr.
Käşir ýagyny derä nähili ulanmaly?
Ine, gadyrly okyjylarymyz. 1 çaý çemçesi käşir ýagyny 2 çaý çemçesi bal we 1 damja lawanda ýagy bilen garmaly. Bu garyndyny ýüzüňize birmeňzeş ýaýradyň. Maskany dodaklaryňyza we gözüňiziň aşagyna çalmaly däl. 20 minut garaşanyňyzdan soň ilki bilen ýyly suw bilen arassalaň we ahyrsoňy ýüzüňizi sowuk suw bilen ýuwuň. Biraz ýatlatma, allergiki täsirlere garamazdan, bu maskany ulanmazdan ozal kiçijik bir ýer synap bilersiňiz!
Käşir ýagynyň saç üçin peýdalary
Saçy we derini iýmitlendirýär we saçlary ýumşatmaga kömek edýär. Döwülen saç uçlaryny dikeltmekde täsirli. Saçlary güýçlendirýär we has çalt ösmegine kömek edýär. Saçda käşir ýagyny nädip ulanmaly diýen soraga jogap, islendik saç maskasyndaky ýagy käşir ýagy bilen çalşyp bilersiňiz.
HOJAMYRADOW Wepamyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy