Karambola hemişe gök öwsüp durýan we haýal ösýän gyrymsy agaçdyr. Onuň 5 metre çenli ösýän uzyn we dykyz şahalary bardyr. Bu agajyň ýapraklary duýgur we goýy ýaşyl reňkdedir. Ýapragynyň ýokarsy ýylmanak bolýar we aşagynda ak reňkli örtük bardyr.
Karambolanyň gülleri ownuk we gülgüne reňkde bolýar. Miwesi bolsa etli we şireli, towuk ýumurtgasyndan ulurak, gapyrga görnüşindedir. Onuňň bişen miweleri gök sary ýa-da altyn sary reňkde bolýar. Miwesi ýyldyzy ýada salýandygy üçin ony “ýyldyz miwesi” diýip hem atlandyrýarlar.
Bu agajyň miwesiniň iki görnüşi bardyr. Käbir miweleriň tagamy şol bir wagtyň özünde erik, alma we üzümiň miwesiniň tagamyna meňzeýär. Tropiki ýerlerde karambolanyň miwesine ýokary baha berilýär.
Karambolanyň miwelerinde organiki kislotalar, kaliý, kalsiý, fosfor, demir we natriý bardyr. Şeýle hem onda С witamini beta-karotin, , , we witaminleri bardyr.
Karambolany ýapraklary we gülleri dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Hindistanda bolsa guradylan miweler gyzzyrma garşy peýdalanylýar.
Konserwrilenen miweler öt haltasynyň işjeňligini ýokarlandyrmak we iç geşmä garşy göreşmek, şeýle-de ýapraklary ybadathanalarda kelle agyryny aýyrmak üçin giňden ulanylýar. Onuň kökleri şeker saklaýandygy sebäpli zäherlenmä peýdalydyr.
Karambola suwsuzlygy doly kanagatlandyrýar we gan basyşyny peseldýär, bedeniň goragyny ýokarlandyrýar we magniýniň kömegi bilen dokumalardan artykmaç suwuklygy aýyrýar. Bu miwe witamin ýetmezçiligi üçin örän peýdalydyr.
Karambolanyň miwesinden çykýan şiräniň kömegi bilen adamyň ýasama dişlerini arassalamak üçin ulanylyp bilner. Onuň üçin miwäni birnäçe sagatlap bir bulgur suwda saklamaly. Miwäniň şiresi aşa güýçli bolsa onuň dörtden bir bölegine arassalanan suw guýup garyşdyrmaly.
Güýjiýewa Aýlar,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby