BIZNES

“Kamaz” Türkmenistanda önümçilgini ýola goýmagy meýilleşdirýär

Tatarystanyň “Kamaz” kompaniýasy Türkmenistanda önümçiligini açmagy meýilleşdirýär. Bu barada tatar kompaniýaysnyň sebitleýin direktory Marat Garifullin Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazan şäherinde iş saparynda bolup, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

– Özara gatnaşygymyzy ösdürýäris. Indiki desgamyzy açýmak barada pikir edýäris, ol hem ýerinde tehnikalaryň önümçiligini göz öňünde tutýarys. Dürli teklipler seredilýär. Ýerli marka ady bilen döredilmegini hem teklip edýäris – Garifullin belläp geçdi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew öz gezeginde bu teklibe oňyn baha berýändiklerini belläp, “Kamaz” kompaniýasynyň önümleriniň türkmen bazarynda giň gerimde ulanylýandygyny belledi.

Tatar kompaniýasynyň wekiliniň bellemegine görä, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça “Kamaz” kompaniýasy Türkmenistana 100-den gowrak tehnika iberer. Bu tehnikalar esasan hem hususy pudakda ulanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder