BIZNES

Kabulda Türkmenistandan nebit we gaz import etmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň standartlaşdrymak boýunça milli edaraysnyp başlygy Feýzulla Tamim bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary hilli harytlarynyň importunyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirldi.

“Bakhtar news” neşiriniň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen nebitini we suwuklandyrylan gazyny import etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Owganystanyň standartlaşdrymak boýunça milli edaraysnyp başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Türkmenistandan gelýän ýokary hilli harytlaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Beýleki ugurlarda hem gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdi – diýlip, internet neşirinde habar berilýär.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde iki ýurduň standartlaşdyrmak boýunça degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder