SÖHBETDEŞLIK

Jumamuhammet Akgaýew :Tara öwrülen ömür

Ýaşlarymyzyň  kämil ahlakly belent şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin medeniýet we döredijilik işgärleriniň uly ornunyň bar. Bizem şeýle jogapkärçiligi duýup zähmet çekýän halypa aýdymçylaryň biri, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bagşysy Jumamuhammet Akgaýew bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty  üçin söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeşligimizi siziň sungat ýoluna gelşiňiz hakda gürrüňden başlaýalyň…

Aýdym-saz we döredijilik uly umman. Aýdyma, saza, döredijilige tebigy zehin bilen başlanylýan zatlar. Tebigy zehinsizem aýdymçy, sazanda bolup bolýar. Sazçylyk mekdebine, konserwatoriýa okuwa girip, aýdym-sazy öwrenip bolýar. Ýöne, tebigy taýdan berlen zehin başgaça bolýar. Ine, meniň özümem aýdym-saz ugrundan hiç ýerde okamadym. Men başlangyç mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girdim.  Okuwy gutaranymdan soň hem 20-30 ýyllap hukuk ulgamynda jogapkär ýerlerde, kazyýet organlarynda işledim. Umuman, sungata bolan höwes mende çagalyk döwrümde döredi. Men 5 ýaşymda mandalina saz guralyny çalyp öwrendim. Soňra aradan 1-2 ýyl geçenden soň aýdym hem hiňlenip ugradym. Mekdep ýyllarymda bolsa, dürli gurnaklarda, mekdebimizde gurnalýan dürli dabaralarda çykyş edýärdim. Şonda dutar çalmagy hem öwrendim. 1972-nji ýylda Moskwanyň etegindäki Kolomna diýlen şäherde geçirilen “Halklaryň dostlugy” atly festiwalda çykyş etdik. Biz türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň adyndan şol ýere gitdik. Men şonda şol festiwalda birinji gezek laureat boldum. Ondan soň Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdim. Uniwersitete okuwa girenimde “Güneş” atly ansamblyň sazandasy we aýdymçysy boldum. Ol ansamblda tanymal aýdymçy-sazandalar bilen tanyşdym. Olardan Annagül Gurdowa, Aşyr Söýünow, Hakberdi Allamyradow, Gurbanmyrat Aşyrow ýaly meşhurlar işleşmek bagty maňa miýesser etdi. Şeýdip, olar bilen 5 ýyllap bir ýyllap bir ansamblda zähmet çekdik. 1978-nji ýylda Moskwada Türkmenistanyň günleri geçirildi. Biz şonda geçirilen sergide uniwersitetimizde Salawat Abduliniň ýolbaşçylyk edýän tans ansambly bilen bilelikde gatnaşdyk. Şol günlerde biz Bütinsoýuz telewideniýesi bolan “Ostankinoda” konsert bilen çykyş etdik. Mundan başga-da ýurdumyzyň içinde dürli toýlardyr dabaralarda aýdym aýtdyk. Uniwersiteti gutaranymdan soň öz kärim bolan hukukçy ulgamynda işe başladym. Ol wagtlarda ýokary kärde işläp aýdym aýtmak birhiliräk görülýärdi. Şonuň üçin men aýdym-sazymy özüm üçin ýakynlarymyň arasynda aýdym aýtdym. Ýöne, radio, telewideniýä, toýlara, baýramlara çykyp aýdym aýtmagy goýdum. Aradan birnäçe ýyl wagt geçensoň meniň ýolum dürli ministrliklerden düşdi. Ondan soň häzirki bagtyýarlyk döwrümiz gelip ýetdi. Bagtyýarlyk döwründe men ýene-de aýdym aýdyp, saz çalmaga başladym.

Men ýene näme üçin bu käre başladym, munuň öz sebäbi bar. Ir döwürde Gurban Gurbanow, Togrulbeg Artykow, Çary Hekimow, Gurbanmyrat Dagbaşyýew, Öwez Öwezberdiýew, Hakberdi Hudaýberdiýew ýaly sazandalar bilen köp ýyllap aýdym-saz etdim, şolar meni öz ugruma goýmadylar. Bagtyýarlyk döwri geldi welin, hormatly Arkadagymyzyň özi aýdyma, saza, döredijilige, sungata uly üns berip başlady. Çünki Prezidentimiziň özünde şolara ukyp bolansoň, bize nusgalyk görelde, halypa boldy. Hormatly Prezidentimiziň boş wagtlarynda aýdym-saz bilen meşgullanýandygyny görüp, mende-de bu ugra höwes gaýtadan döredi. Ine, şeýdibem täzeden aýdym-saza başladym. Onsoň Gurban Gurbanow, Hakberdi Allamyradow, Hojaguly Çaryýew dagy bilen telewideniýede çykyş edip ugradyk welin, olaram muny alyp göterdiler.

Hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylda maňa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” diýen Şa serpaýyny ýapdy. Şundan soň aýdym-saz has-da ruhlandym.

Sungat dünýäsinden geçýän ýol kynmy? Bu ýolda ýöremek üçin nämelere eýe bolmaly?

Sungatyň, umuman, döredijilik bilen meşgullanýanlaryň öz derejesi bar: ökde bagşy, ortaça bagşy we ýöne saz çalyp, aýdym aýdyp bilýän. Sen isle sazanda, isle şahyr, isle suratkeş, isle ýazyjy bol, tapawudy ýok, şol derejeleriň haýsysynda ýörejekdigiňi özüň saýlamaly. Ol nämä bagly, ol tebigy taýdan saňa berlen zehine bagly. Şol zehiniň üstünde-de zähmet çekip işleýşiňa bagly. Tebigy taýdan zehinli bolup, sen ýalta bolsaň, şonuň üstünde işlemeseň, sendäki bar bolan zehinem körelip gidýär. Döredijilige uly umman diýilmeginiň sebäbi, döredijiligiň dürli kynçylyklary bar bolan ýerleri bar. Döredijilik azaby talap edýär. Kynçylyk şol ýerde başlanýar.

Indi, soragyňa dolansak, bu ýolda ýöremek üçin şol kynçylyklara döz gelip bilinjek gaýrata, zehine eýe bolmaly.

Aýdymçynyň, sazandanyň iň uly artykmaçlygy näme: daş keşbimi ýa-da sesi?

Bizde “Toýuň, baýramçylygyň ýüzi aýdymçy we sazanda” diýilýär. Bilşimiz ýaly, toý-dabaralarymyz hem aýdymçy-sazandasyz geçenok. Indi, sen ol ýerde özüňi nähili alyp barmaly? Nähili aýdym aýtmaly? Şol zatlar seniň özüňe bagly. Onda seniň daşky sypatyň hem bolmaly, aýdýan aýdymyň, labzyň gowy bolmaly. Ýürekden çykýan aýdym ýürege barýar diýilýär. Sen aýdýan aýdymyňy ýüregiň bilen ýerine ýetirmeli. Sen ýürekden aýdym aýtmasaň halkyň ýüregi seni kabul etmeýär. Islendik zada ýürekden ýapyşsaň beýik derejelere ýetip bolýar. Umuman, azap çekmeseň zat ýok diýjek bolýan. Aýdymçy-sazanda adamzada degişli ähli gowy endikleri özünde jemlemeli. Sebäbi sen köpüň adamsy. Köpüňem içinde her hilisi bar. Olaryň içinde tankydy göz bilen seredýänlerem, seniň aýdym-sazyňa uly baha berip, oňa begenýänlerem bar. Hatda köpüň içinde seniň kemçiligiňi gözleýänlerem bar. Şonuň üçin sen aýdymçy-sazanda boljak bolsaň sen hemme kişiniň göwnüni tapjak bolmaly. Onuň üçinem sen “ýumşak” bolmaly. Her bir adamyň diýýän talaplaryny ýerine ýetirjek bolmaly. Olaryň talabyny ýerine ýetirmek üçinem olaryň içki dünýäsine girmegi başarmaly. Diňleýjini gowy öwrenmeli. Diňleýji saňa baha berýär. Diňleýjiniň diýýän talabyny ýerine ýetirip bilmeseň, sen güýçli bagşy-sazanda bolup bilmeýärsiň. Şeýle bir adamlar bolýar, olar aýdymam aýdanok, sazam çalanok, goşgam ýazanok, emma seniň aýdym-sazyňa örän gowy baha berýär. Olar seniň aýdym-sazyňy öňki ýerine ýetirenleriňki bilen deňäp, seniň ýerine ýetirişiňe baha berýär. Türkmeniň aýdym-sazy örän irki döwürden gözbaş alýar. Ol örän inçe sungat. Şol inçe sungady seniň nähili ýerine ýetirýändigiňe şol diňleýjileriň berýän bahalary arkaly bilip bolýar. Umuman, bagşy, sazanda psiholog bolmagy başarmaly. Sen diňleýjiniň näme isleýändigini bilip, şonuň islegini kanagatlandyrmaly. Eger sen muny oňarmasaň, onda sen halkyň söýgüsini gazanyp bilmersiň.

Aýdymça, sazanda tankyt gerekmi?

Umuman, aýdymça, sazanda, şahyra, ýazyja, suratça, ähli kişä hemme ýerde tankyt gerek. Sebäbi adam özüne özi baha berip bilmeýär. Çünki her kim özi üçin ähli zady öz göwnüne gowy edýän ýaly. Seniň gowy ýa-da erbet çalýanyňy özüň bilip bilmeýärsiň. Oňa aňyrdan seredip baha berilýär. Tankydy göz bilen seredýän adamlar boş adamlar däl. Ol adamlar belli bir derejede aýdymyň, sazyň içine girip bilýän adamlar. Ol ýöne boş ýerden pylan zadyň ýetenok, pylan ýeriň bolanok diýip aýtmaýar. Her bir adam muny aýtmagy başarmaýar, emma düşünýän adam muny öz ýüzüňe aýdýar. Sen şol adamlaryň tankydyny diňlemeli. Sebäbi kem ýeriňi özüň görüp bileňok.

Siz şunuň ýaly meşhur bolaryn diýip oýlapdyňyzmy?

Meniň kakamam, atamam hukukçy. Men çagalyk wagtlarymda kakam öýe bagşylary getirip, olary myhman alýardy. Olardan Ödenýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Ýazgeldi Kuwwadow ýaly tanymal bagşylar bize myhmançylyga gelerdiler. Men şolar öýümize myhmançylyga gelenlerinde ýanlarynda oturyp, olaryň aýdym aýdyşlaryny diňlärdim. Şolar öýe gelenlerinde şolar meni öz ýanlaryna çagyrtmak we olara eşitdirmek üçin beýleki otagda mandalinamy çalmaga başlaýardym, olaryň göräýjek ýerlerinden mandalinam bilen eýläk-beýläk geçýärdim. Onsoň olaram meni görüp, saz çalyp bermegimi haýyş edýärdiler. Şonda şolar ýaly beýik, tanymal bagşylar maňa göwünlik berýärdiler. Bir gezek Ýazgeldi Kuwwadow meniň geljekde sazanda, bagşy boljagymy kakama aýdypdyr. Şondan soň aýdym-saz meni özüne maýyl edip başlady. Dogrymy aýtsam, men saz çalmagy birinden öwrenemok, hiç kimiň ýanyna saz çalmagy öwrenmek üçin gatnamok, ol ugurdan okamok. Ýöne, men saz çalmagy nädip öwrenendigimi hem bilemok. Emma maňa sazandalyk ukyby Ýazgeldi Kuwwadowdan geçen diýip pikir edýärin. Eger saz sungatyny doly bilseň, aýdym aýtmaklyk kyn däl. Özüň sazanda bolsaň, aýdym aýtmaklyk saňa ýeňil düşýär. Çünki sazanda bagşa garanyňda sazy ýürekden duýýar. Sazanda aýdym döredende oňa has içgin ýapyşýar. Onuň duýgusy bagşyňkydan hem güýçli bolýar. Şonuň üçin sazanda diýlen adam bagşydan hem ýokarda durýar.

Aýdym döretmek üçin sazanda näme gerek?

Meniň pikirimçe, aýdym döretmek üçin güýçli saznda bolmaly. Özem örän ussat sazanda bolmaly. Islendik sazanda aýdym-saz döredip bilenok. Aýdym-sazy diňe ussat sazanda döredýär. Aýdym-saz döredilende sazanda islendik zat täsir edip bilýär. Mysal üçin, owadan tebigat, daş-töwerek we beýlekiler. Biziň häzirki döwrümiz, bize döredilip berilýän mümkinçilikler sazandanyň zehinine zehin goşup, onda ylham döredýär.

Siz haýsy bagşy-sazandalary söýüp diňleýärsiňiz?

Meniň özüm ir döwürdäki halypalary söýüp diňleýärin. Olardan ýokarda agzap geçilen meşhur halypalar Ödenýaz Nobatow, Gurt Nobatow, Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Akmyrat Çaryýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Ýazgeldi Kuwwadow, Öwezgeldi Tekäýew, Annaberdi Atdanow, Mämi Çaryýew ýaly bagşy-sazandalary aýdyp bilerin. Ýaş wagtym şu bagşy-sazandalar konsert berenlerinde iň öňde oturyp olary diňleýärdim. Häzirki wagtda hem şolaryň öňki aýdan aýdym-sazlaryny gaýtalap-gaýtalap diňleýärin.

Durmuşda iň uly arzuwyňyz näme?

Durmuşda iň uly arzuwym, ilki bilen, maşgalamyň, mähriban ilimiň sag bolmagyny isleýärin. Soňra parahat döwrümiziň müdimilik bolmagy, asmanymyzyň mydama arassa bolmagyny dileýärin.

Siziň diňleýjileriňize aýtmak isleýän zatlaryňyz barmy?

Diňleýjiniňem dürlüsi bolýar. Olara bize edýän tankydy belliklerine has-da jogapkärli çemeleşmeklerini aýtmak isleýärin.

Häzirki döwürde çykýan aýdymlardan siziň göwnüňiz dolýarmy?

Şu wagtky ýaşlary zehinsiz diýip bolmaýar. Olar bizden has zehinli. Emma meniň şu ýerde aýtmakçy bolýan zadym bar. Ol hem häzirki döwürdäki döredilýän aýdymlaryň köpüsini hemme adam diňläp bilenok. Bagşy-sazanda aýdymyny köpçülige diňletmegi başarmaly. Häzirki wagtda aýdylýan aýdymlaryň kompýuteriň üsti bilen döredilmegini men nädogry hasap edýärin. Daşary ýurt aýdymlarynyň üstünde biraz işlemeklik, sözlerini türkmençä öwrüp ýerine ýetirmeklik aýdym döretmeklik däl, ol ogurlyk hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, daşary ýurtlarda şunuň ýaly ýagdaýlarda ýörite jerime salynýar.

Siziň ýaşlara nähili maslahatlaryňyz bar?

Ilkinji nobatda ýaşlara janly sesde aýdym aýtmagy endik etmegi, kompýutere bagly bolup galmazlygy maslahat berýärin. Aýdymda ýalňyşan ýeriňi kompýuter däl-de, özüň düzetmeli, sesiňde, tilsimiňde, äheňiňde nähili kemçilikleriň bardygyny bilmeli, onuň üstünde işlemeli, halypalary köp diňlemeli, halypalaryň ýolundan çykmaly däl, olaryň ýoluny dowam etdirmeli. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygymyzda Arkadagymyz maňa ýaşlara halypalardan gelýän ýoly ýaşlara öwretmegi, olar bilen köpräk aragatnaşyk saklap, halypa-şägirtlik ýoluny has-da giňeldip berkitmegi tabşyryk berdi. Menem ýaşlara şu ýoly dowam etdirmeklerini, kompýutere bagly bolmazdan öz äheňiňe, öz sesiňe uly üns bermegi maslahat berýärin.

Söhbetdeşligimizi siziň arzuw-niýetleriňiz bilen jemläýsek

Türkmen halky Garaşsyzlygyny alanyndan soň beýik derejä ýetdi. Dünýäniň ähli ýerinde bizi tanaýarlar we hormatlaýarlar. Bize şeýle ajaýyp Watanda parahat zeminiň üstünde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işlerinde hemişe üstünlikler ýar bolsun!

Jumamuhammet aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size-de aýdym-saz sungatynda täze üstünliklere ýetmegiňizi tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Sag boluň!

Söhbetdeş bolan  Maksat  TAGANOW

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

 

 

Gülşirin Hanowa – “Uçup barýan ak durnanyň” waspçysy

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda