DÜNÝÄ

Jordan iki sany hassahana gurdurar

NBA-nyň Hormat sanawynyň wekili, ady rowaýata öwrülen basketbolçy Maýkl Jordan önüp-ösen ýeri bolan Demirgazyk Korolina ştatynda iki sany klinika hassahanasyny açmak üçin 10 million dollar haýyr-sahawat bagyşlady.

Sahawaty kabul eden «Nowant Hilt» topary Jordanyň eýýäm ikinji gezek şeýle sahawaty bagyşlaýandygyny aýtdy. Täzelikde goýberilen serişde çet-gyrak şäherlerdir obalarda ýaşaýan we saglyk ätiýaçlandyrmasy bolmadyk adamlar üçin niýetlenendir.

Ozalky basketbolçynyň özi bolsa bu barada dogduk ýerindäki lukmançylyk hyzmatlarynyň has ýokary derejä çykmagyndan, Maşgala lukmançylygy ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmekden we «Nowant Hilt» bilen birlikde ýene bir taslamany amala aşyrmakdan çäksiz derejede kanagatlanýandygyny aýtdy.

Jordanyň goýberen serişdeleri bilen guruljak täze hassahanalaryň 2022-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler