JEMGYÝET

Jogaplar : “Makul Paýhas” Krosswordy

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan yglan edilen “Makul Paýhas” atly krossword bäsleşiginiň jogaplaryny elektron poçta (“e-hat”) arkaly iberdiler. Bu bäsleşige gatnaşyp öz jogaplaryny iberen okyjylarymyzyň “e-hatlarynyň” ekran suratyny paýlaşýarys.

Şu habara ýerleşdirilen ekran suratyndan hem mälim bolşy ýaly, ilkinji “e-haty” bize Saparnepes Atabaýew iberipdir. Emma Saparnepes Atabaýew soňra bize täzeden “e-hat” iberip, şol hatyň goşundysyndaky täze jogaplary kabul etmegimizi sorapdyr. Şol aralykda Maýa Kulyýewa tarapyndan “e-hat” gelipdir we ol hem öz jogaplaryny iberipdir. Bellemeli zat Maýa Kulyýewa soňra täzeden “e-hat” iberip jogaplara düzediş girizendigini belläpdir. Başgaça aýdanymyzda ilki Saparnepes Atabaýewiň iberen jogaby barlanar, onuň iberen jogaby 100 göterim dogry bolsa, ýeňiji Saparnepes Atabaýew bolar, emma, ýekeje ýalňyş bar bolsa, onda, Laçyn Atabaýewanyň jogaby barlanar. Sebäbi Maýa Kulyýewanyň täzeden düzedip iberen jogap “e-haty” Laçyn Atabaýewanyň “e-hatyndan” has soňra gelipdir.  Soňra Aýgül Nurmyradowanyň (Syrly Guty) jogaplary, soňra bolsa Muhammet Babaýewiň (milli goşun) jogaplary gözden geçiriler. Maýa Kulyýewanyň jogaplary bolsa, şondan soňra barlanar. Jogaplar barlananda ähli “e-hatlar” şu tertipde barlanar.

Şu habar bilen biz gelen jogaplar boýunça “e-hatlaryň” bize geliş nobatyna görä ekran suratlaryny we krosswordyň jogaplaryny paýlaşýarys. Haýsy gatnaşynyň ilkinji bolup dogry jogap iberendigini bolsa, krosswordy taýýarlan Baýgeldi Çaryýewiň gatnaşmagynda  ähli jogaplary seljerip Size ýetireris.

DIKLIGINE:

  1. 1. Kenguru. 2. Busefal. 4. Deýneka. 5. LG. 6. Çaryýar. 7. Paýtagt. 8. Marengo. 9. Ladoga. 10. Akyýew. 12. RB. 16. Yk. 19. Ýaňgala. 20. Nyýazow. 21. Yşk. 22. Töp. 24. Aba. 25. Jakarta. 26. Gorkmaň. 28. FCB. 29. Ugurdaş. 30. TRT. 32. Rollan. 33. Penjap. 34. Ma. 37. Taka. 39. Som.

KESELIGINE:

  1. 3. IBM. 13. Dogry. 14. Na. 17. Rast. 18. Opel. 23. Anna. 27. Lek. 28. Faust. 35. Gala. 36. BTS. 38. Liwan. 40. Mine.

GYTAKLAÝYN:

  1. 1. Ker. 2. Bor. 11. GDA. 15. Azy. 25. Jim. 26. GSM. 31. Bars.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi