MEDENIÝET

Jeýms Bondyň awtoulagy auksiona çykýar

Jeýms Bondyň “Ölmäge wagt ýok” filminde ulanylan “Aston Martin DB5” awtoulagy auksiona çykýar. Awtoulag 2 million sunt-sterlinge satylar.

Daniel Kreýgiň Jeýms Bondyň keşbini ýerine ýetiren 2021-nji ýylda surata düşürilen “Ölmäge wagt ýok” filminde ulanylan “Aston Martin DB5” awtoulagy Angliýada auksiona çykýar. Ýöne awtoulagy satyn alan adam ulagy ýolda sürüp bilmez, sebäbi film üçin ýörite taýýarlanan ulag ýolda sürülmek üçin hasaba alynmandyr.

Bellenilip geçilişi ýaly, Jeýms Bond filmlerinde ulanylan beýleki ulaglar hem auksiona çykarylar. Olayrň käbiriniň gymmat bahadan satylmagyna garaşylýar. Şeýle ulaglaryň arasynda “Land Rover Defender”, “Range Rover Sport SVR” we “Jaguar XF” ýaly ulaglar bar.

Jeýms Bond filmleri kino önümçilik taryhynyň iň meşhur filmleriniň biridir. Kino filmlerdäki sahnalar köpleriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem bu filmlerde seýrek duş gelýän awtoulaglar we motosikler ulanyldy. Jeýms Bond tarapyndan ulanylan awtoulaglar her bir awtoulag söýüjileriniň satyn almaga isleg bildirýän ulaglarynyň hatarynda durýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy