JEMGYÝET

Jemi içerki önümiň görkezijisi 5,9 göterime deň boldy

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnukly ýagdaý saklanyp galnandygyny belledi.

Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önüminiň görkezijisi 5,9 göterim, oba hojalygynda ösüş depgini 3,1 göterim, söwdada bu görkezijiniň 12,8 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan köp bolan dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr.

Umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan gurluşyk işlerini ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalaryň ýerine ýetirýändigi aýratyn ýakymlydyr, diýip milli Liderimiz belledi.

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi