SIZDEN GELENLER

Jandarlar dünýä inende

Her bir janly-jandaryň kiçijigi has eýjejik bolýar. Eýsem, jandarlar dünýä gelenlerinde nähili ýagdaýlary başdan geçirýärkäler?

Geçigaplaňyň çagasy kiçi wagty onuň derisiniň nagşy ýaşaýan ýeriniň otlaryna meňzeş bolýar. Şol sebäpden hem ony beýleki haýwanlar uzakdan görüp bilmeýär. Olaryň ulaldygy saýyn hem reňki üýtgeýär. Iki ýaşyndan soňra bolsa, tüýi täzelenýär.

Ördegiň jüýjesi öýkünmekde örän ussat bolýar. Bu jüýjeler ýumurtgadan çykan gününden başlap, ene ördegiň iýmit çokuşyny, ýüzüşini we paýtyklap ýöreýşini bolşy ýaly gaýtalaýar. Olaryň sary ýelekleri iki aýdan soňra täzelenip, uly ördege meňzeýärler.

Deňiz pyşbagasy tennisiň topy ýalyrak ýumurtgadan çykanyndan soňra, deňziň golaýyndaky çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan hem gaçmaly bolýar. Tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaly bolýar. Bu kiçijik jandar howpsuz ýere barmak üçin 24 sagatlap ýüzmeli bolýar. Olar ýumurtganyň gabygyny döwüp çykanlaryndan soňra näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.

Kirpileriň ýedi müň töweregi tikeni bolan bu jandary sypalap bolmaýar. Sebäbi oňa golaýlaşsaň, OL togalanyp, tikenli topa öwrülýär. Kirpileri diňe tilkidir şagal däl, eýsem, ýyrtyjy guşlar hem awlamak isleýär. Emma bu jandarlar kiçidigine garamazdan, ýabany haýwanlardan aňsatlyk bilen goranyp bilýär.

Keýikler köplenç halatlar-da bir-birlerini tanamak üçin ysgaşýarlar. Olaryň derisiniň reňki dünýä inen wagtlary tokaýyň ýa-da ýaşaýan ýeriniň tebigatynyň reňkine meňzeýär. 3-4 aýdan soň bolsa,  olaryň tüýi täzelenip, has goňur reňkli bolup başlaýar. Täze çykan tüýleri bolsa has galyň bolup, ony ýetip gelýän gyşyň sowugyndan goraýar.

Taýýarlan Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika