MEDENIÝET

Iýun aýynyň baýramçylyklary: Gurban baýramy giňden belleniler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek medeni çärelere we baýramçylyklara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iýun aýynda tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň arasynda dynç alyş merkezlerinde dürli çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Umuman, iýun aýynyň mednei-köpçülikleýin çäreleriniň tertibi şeýle:

  • 1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdyn-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • 2-nji iýun – Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dyn alyş möwsümine gidýän çagalary ugratmak dabarasy guralar.
  • 3-nji iýun – ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişleri we medeni çäreler geçiriler.
  • 5-nji iýun – daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.
  • 12-nji iýun – Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreler we maslahatlar guralar.
  • Awazada halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär.
  • 22-27-nji iýun – Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary geçiriler.
  • 28-29-30-njy iýun – Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri