DÜNÝÄ

Italiýanyň EXPO-2030 konsepsiýasy tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde mundan beýläk hem ösdürmek üçin özara taýýarlygy beýan edildi.

Duşuşygyň esasy maksady 2030-njy ýylda EXPO-ny Italiýada geçirmek boýunça dalaşgärligini öňe sürmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Related posts

Türkmenistan Ženewa şäherinde geçiriljek SPECA duşuşygyna gatnaşar

Baş Assambleýa BMG-niň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Liz Trassy gutlady

Leave a Comment