SPORT

Ispaniýa – futbolyň ägirdi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Pariž Olimpiadasynda erkekleriň arasynda geçirilen futbol ýaryşynda altyn medalyň eýesi boldy. Final duşuşygynda Ispaniýa Fransiýanyň ýygyndysyny 5:3 hasabynda utdy.

Duşuşygyň esasy wagty 3:3 hasabynda tamamlandy. Goşmaça berlen 30 minutyň dowamynda Ispaniýanyň ýygyndysy ýene-de 2 pökgi geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, şu ýylyň tomus pasly Ispaniýanyň futboly üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Ispaniýanyň ýygyndysy Germaniýada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ýewropa çempiony boldy. Şol bir wagtda 19 ýaşly futbolçylaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynda hem Ispaniýanyň ýygyndysy ýeňiji boldy.

Olimpiýa oýunlarynda hem Ispaniýa ýeňiş gazanyp, şu ýylyň dowamynda esasy futbol ýaryşlarynyň 3-sinde çempion bolmagy başardy.

Şeýle hem Ispaniýanyň ýygyndysy 1984-nji ýyldan soň tomus paslynda hem Ýewropa çempionatynda hem-de Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolan ilkinji milli ýygyndy boldy.

Ýene-de okaň

Norwegiýanyň gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky nobatdaky rekordy

Özbek futbolçy Çempionlar ligasynyň iň çalt merkezi goragçysy boldy

Ronaldo: men Saud Arabystanyda bagtly we bu ýerde galmak isleýärin

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi