SPORT

Islam Habibiň ýoluny dowam etdirýär

Russiýanyň garyşyk söweş sunagty boýunça türgeni Islam Mahaçew braziliýaly garşydaşy Çalrz Oliweýranyň ýeňip, UFC 280 ugry boýunça ýeňil agramda absolýut çempion boldy.

Tutluşyk Abu-Dabi şäherinde geçirildi. Rus türgeni Habib Nurmagomedow ýaly, garşydaşyny 2-nji döwde bogujy usul bilen ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, Islam Mahaçew UFC ýaryşynyň ýeňil agramda Habibden soňra ikinji russiýaly çempiony boldy. Mundan ozal, bu derejä 2020-nji ýylda amerikaly Dastin Getžini ýeňip, Habib Nurmagomedow mynasyp bolupdy. 

Brazil türgeni Oliweýra 2010-njy ýyldna bäri bu ýaryşda çykyş edip gelýär. Ol 2021-nji ýylyň dekabryndan bäri empionlyk guşaygynyň eýesidir. Brazil türgen bu guşaga amerikaly türgenler Dastin Proýe we Dastin Getžini ýeňip mynasyp bolupdy.

31 ýaşyndaky Islam Mahaçew hem Habibiň kakasy merhum Abdulmanap Nurmagomedowyň ýetişdiren türgenidir. Ol 23 tutluşykda ýeňiş gazanyp, 2015nji ýylda bir gezek ýeňlipdi. Oliweýra bolsa 33 gezek ýeňiş gazanyp, 9 gezek ýeplipdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy