JEMGYÝET

Iş ýerine gaýdyp gelmek üçin sanjym şerti

ABŞ-nyň tehnologiýa ägirtleri “Google” we “Facebook” kompaniýalary öz işgärlerinden iş ýerlerine gaýdyp gelmekleri üçin sanjym edilmegini islediler.

“BBC” ýaýlymynyň habaryna görä, “Google” birnäçe hepde içinde ilkinji nobatda ABŞ-nyň şäherlerindäki işgärleri işe gaýdyp barmak üçin sanjym syýasatyny durmuşa geçirip başlar. Soňra bolsa, bu maksatnama “Google”-yň dünýädäki 144 müň işgäri üçin ýerine getiriler.

“Google” kompaniýasynyň baş direktory Sundar Pikai bu barada öz jemgyýetçilik blogynda beren habarynda: ABŞ-daky edaralaryndakylaryň işe gaýdyp gelmekleri üçin  sanjym bolmalydyklaryny aýtdy. Şeýle hem ol bu meseläniň ugrunyň sebitiň şertlerine, düzgünlerine we sanjymyň elýeterliligine görä üýtgejekdigini belledi.

“Google” kompaniýasy koronawirusyň “Delta” görnüşiniň artmagy bilen dünýädäki iş ýerlerini 1-nji sentýabrda açmagyň ýerine 18-nji oktýabryna geçirdi.

Tehnologiýa gigantyň işgärleri, aýratyn şertler bolan ýagdaýynda 2021-nji ýylyň ahyryna çenli öýünde işlemegini dowam etdirmek üçin ýüz tutup bilerler.

“Facebook” kompaniýasy hem ABŞ-daky işgärlerinden iş ýerlerine dolanyp gelmegi üçin sanjym etdirmegini sorady.

 

30-njy iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar