Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.
NEBITGAZ PUDAGY
Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa, innowasion ykdysadyýetli, senagat önümçiligi taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek möhüm wezipe bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumyny ösdürmekde gazhimiýa önümlerini, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmek üçin tebigy gazy netijeli ulanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, soňky ýyllarda ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şol serişdeleriň häzire çenli 93 göterimi özleşdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny nygtady.
Bu babatda pudagyň ýolbaşçylary hasabat berdi. Daşary ýurt karz serişdeleriniň gaýtarmaga degişli galyndy möçberini tebigy gazyň goşmaça mukdaryny, suwuklandyrylan gazy, kükürdi, ECO-93 kysymly benzini daşary ýurt bazarlaryna ýerlemekden gelip gowuşjak serişdeleriň hasabyna gaýtarmak göz öňünde tutulýar.
Nebitgaz toplumy döwletiň merkezi býujetini we daşary ýurt pulunda ätiýaçlyk gorlaryny esasy üpjün edýän ulgamdyr. Bu serişdeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de senagat taýdan ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Şoňa görä-de, ähli hünärmenler, ylmy we kömekçi işgärler, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY
Soňra milli Liderimiz gurluşyk, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynyň maliýe meseleleri barada durup geçdi.
Soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million amerikan dollaryna golaý möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şonuň häzire çenli 69,4 göterimi özleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky ýolbaşçylara ýüzlenip, karz alnan serişdeleri wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça meýilleşdirilýän işler hem-de bu serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalarynyň taslama kuwwatlygyna laýyklykda işlemeýändigi barada sorady.
ULAG-ARAGATNAŞYK TOPLUMY
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, soňky ýyllarda bu ulgama 1 milliard 5 ýarym million amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini, häzire çenli şol serişdeleriň 67,8 göteriminiň özleşdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz alnan karz serişdelerini wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça işleriň meýilleşdirilişi bilen gyzyklanyp, şol serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilen desgalaryň, hususan-da, «Demirgazyk –Günorta» demir ýolunyň taslama kuwwatyna laýyklykda işledilmegi babatda zerur tagallalary görmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Türkmen Älem» hemra aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy.
OBA HOJALYK TOPLUMY
Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy boýunça 822 million 200 müň amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini we özleşdirilendigini belledi.
Häzirki döwürde karzlar boýunça galyndy 607 million 700 müň amerikan dollaryna barabardyr. Şondan 145 million amerikan dollary şu ýylyň mart–dekabr aýlarynda gaýtarylmaga degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan alnan karz serişdelerini wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça işleriň nähili meýilleşdirilýändigi, oba hojalyk, aýratyn hem, azyk senagaty kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak üçin nähili çäreleriň görülýändigi bilen gyzyklandy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bu karzlary ýerine ýetirilen işlerden, hyzmatlardan hem-de öndürilen önümleri ýerlemekden alnan girdejileriň hasabyna üzmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem milli Liderimiz maslahatyň dowamynda wise-premýer G.Müşşikowa hem-de banklaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.
Ozaly bilen, daşary ýurt karzlaryna hemişe gözegçilik amala aşyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda töwekgelçilikler boýunça wagtynda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, daşary ýurt karz serişdeleriniň bellenen möhletlerde gaýtarylmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar