JEMGYÝET

Iş bilen üpjünçiligi internet sahypasy hereket edýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi özüniň resmi internet saýtyndaky «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmaklyga çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Bu sahypanyň üsti bilen kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlaryny ýerleşdirip, gyzyklanma bildirýän we iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirip hem-de olaryň arasynda özlerine laýyk gelýänlerini saýlap-seçip alyp bilerler. Iş gözleýän raýatlar hünärine laýyklykda, bar iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Gyzyklanýan sowallaryňyz bilen ministrlige, onuň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-48-50; 39-48-20.

Internet saýtynyň salgysy: http://mlsp.gov.tm

 

Maýa goýum forumy geçiriler

 

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri