JEMGYÝET

Iş berijiler tarapyndan raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almak

Iş beriji bolup durýan ýuridik şahslar we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar tarapyndan zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen başga ýere gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almagyň, onuň möhletini uzaltmagyň we bellige almagy ýatyrmagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi jerime salynmagyna eltýär.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 384-nji maddadan soň aşakdaky mazmunly madda goşuldy we Iş berijiler tarapyndan raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almagyň tertibiniň berjaý edilmezligi boýunça jerimeler bellenildi.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyň degişli bölümini Size ýetirýäris.

12) 384-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«384-1-nji madda. Iş berijiler tarapyndan raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almagyň tertibiniň berjaý edilmezligi

  1.  Iş beriji bolup durýanýuridikşahslar we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar tarapyndan zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen başga ýere gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almagyň, onuň möhletini uzaltmagyň we bellige almagy ýatyrmagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara — ikisinden dördüsine, ýuridik şahslara — dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2.  Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara — dördüsinden sekizisine, ýuridik şahslara — sekizisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

 

Ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary : Täze düzgünler

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri