DÜNÝÄ

Irlandiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) hanym Kler Brosnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Irlandiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ähli ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Irlandiýanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygy aýdylyp, iki ýurduň Baş Assambleýanyň birnäçe Kararnamalarynyň bilelikdäki awtordaşlary  hökmünde çykyş edendikleri bellenildi. Taraplar köptaraplaýyn meýdançalarda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Irland tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen-irland hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Çilimi gadagan eden ilkinji ýurt

Ata Watan Eserleri

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi