MEDENIÝET

Irem Deriji “Atawatanyň” habaryny öz sahypasynda paýlaşdy

Şu ýylyň 25-27-nji dekabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkiýeden Mustafa Sandal we Irem Deriji, Russiýadan Dima Bilan, Nýuşa we Joni ýaly aýdymçylaryň konsert maksatnamalaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurt aýdymçylarynyň konserti baradaky habarlary türkmen we türk okyjylar köpçüligine ýetirdik. Türkiýäniň okyjylar köpçüligine bu habarymyzy internet sahypamyzyň “Twitter” sahypasyndan hem ýaýratdyk. Bu jemgyýetçilik torumyzdaky türk dilindäki habarymyzy Türkiýäniň meşhur aýdymçylaryndan Irem Deriji hem öz “Twitter” sahypasynda paýlaşyp, özüniň muşdaklaryna ýetirdi. Irem Derijiniň 851 müň agzasy bar.

Hormatly okyjylarymyz, şu ýerde ýurdumyzda geçiriljek daşary ýurt aýdymçylaryň gatnaşmagyndaky konsert maksatnamalary baradaky maglumatlary täzeden dykgatyňyza ýetirýäris.

Konsetleriň tertipnamasyna laýyklykda, olarda rus hem-de türk aýdymçylary çykyş ederler:

  • 25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Nýuşa Şuroçkina, 15:00;
  • 25.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy Dima Bilan, 19:00;
  • 26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Irem Deriji, 15:00;
  • 26.12.2022 ý. Türkiýäniň estrada aýdymçysy Mustafa Sandal, 19:00;
  • 27.12.2022 ý. Russiýanyň estrada aýdymçysy «Jony» lakamy bilen tanalýan Jahid Afrail ogly Hüseýnli, 19:00.

Petekler 21-nji dekabrda Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satuwa çykarylar. Giriş tölegi bir adam üçin 100 manat.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy