TEHNOLOGIÝA

“iPhone” telefonlaryň satuw babatynda iň öňdebaryjysy

“CIRP” gözleg kompaniýasy ABŞ-da “Apple” telefonlaryň satuwy barada hasabatyny çap etdi. Bu maglumatlar, “Apple” kompaniýasynyň soňky çärýekdäki hasabatynyň çap edilmeginden birnäçe gün öň çap edildi. 2019-njy ýylda öndürilen “iPhone 11” telefony kompaniýanyň iň köp satylýan telefony diýip hasaplanyldy. Telefon täze alyjylary özüne çekmäge häzirem dowam etdirýär. “CIRP” kompaniýasynyň statistikasyna görä, bu telefon soňky çärýekde ABŞ bazarynyň 24% göterimini eýeledi.

Kompaniýanyň täze öndüren enjamlarynyň arasynda iň meşhury “iPhone 12” telefony bolupdyr. Ondan soňra meşhurlygy babatynda “iPhone 12 Pro Max we iPhone 12 Pro” telefonlary gelýär. Täze öndürilen “iPhone 12 mini” telefony entäk satuwda öz ornuny tapyp bilmeýär. Munuň bilen bu görnüşli telefon ABŞ-da kän bir meşhur däldigini tassyklaýar. Hat-da “iPhone SE we iPhone XR” modelli telefonlar hem “iPhone 12 mini” telefonyndan satuw babatynda öňde diýip habar berilýär. Bu bolsa “Apple” kompaniýanyň indiki ýyllarda şeýle kiçijik ekrany bolan telefonyň çykarylmazlygynyň bir sebäbi bolup biler diýip çaklanylýar.

 

Kazandan uçar gatnawy bilen ýük ibermek

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan emeli aň strategiýasyny kabul etdi

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda maglumat geçiriji ýurt bolar

Kiberhowpsuzlyk boýunça täze maksatnama taýýarlanýar

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar