TEHNOLOGIÝA

“iPhone 12 Pro Max” we “Galaxy Note 20 Ultra” haýsy gowy?

Häzirki wagtda sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen dünýäde iri kompaniýa hasaplanylýan “Apple” we “Samsung” kompaniýasy özleriň “iPhone” we “Galaxy” modelleri bilen yzygiderli bäsleşýär. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde esasanam, ýaşlaryň arasynda “iPhoneçylar” we “Samsungçylar” diýen ýaly bäsdeşler hem bar. Meşhur we güýçli hasaplanylýan bu kompaniýalaryň häzirki wagtda soňky modelleri “iPhone 12 Pro Max” we “Galaxy Note 20 Ultra” – dyr.

Iki modeliň arasynda galýan sarp edijiler üçin bu makalamyzda deňeşdirme taýynladyk. Ine “iPhone 12 Pro Max” vs “Galaxy Note 20 Ultra” Deňeşdirme!

Dizaýny we ekran deňeşdirmesi

     “iPhone 12 Pro Max”-da 6,7 ​​dýuýmlyk “Full HD +” çözgüdi OLED ekrany bar we 60Hz ekrany täzeleme tizligi bilen Super Retina XDR Display tarapyndan goldanýar. Mundan başga-da, “Apple” smartfonda ulanylan iň güýçli aýna hökmünde suratlandyrýan “Ceramic Shield Glass” bilen goralýar. “iPhone 12 Pro Max” 7,4 mm galyňlykda birneme inçe, ýöne 228 gram,  poslamaýan polat çarçuwany we aýna örtük bilen gurşalan.

“Galaxy Note 20 Ultra 5G”  – da 6,9 dýuýmlyk QHD + durulykly “Dynamic AMOLED” ekrany bar. Ekranyň işleýiş tizligi 120Hz we “Gorilla Glass Victus” ekrany bilen goralýar “Galaxy Note 20 Ultra” galyňlygy 8,1 mm we agramy 208 gram. Modeliň alýumin çarçuwasy we aýna gapagy bilen gurşalan.

Kamera deňeşdirmesi

   “iPhone 12 Pro Max” – da  esasy kamera 12 MP durulykda. Esasy kameranyň   f/1,6 deri bar we 4K/60 fps wideo ýazgy geçirmäge ukyply. Bu kamera 12 MP ölçegli ultra giň burçly linza, esasy kamera 12 MP durulykdaky telefon linzasy we LiDAR Sensor bilen goldanýar.

“Galaxy Note 20 Ultra” –da  uly göwrümli esasy kamera 108 MP durulykda. Bu kamera 8K / 24fps wideo ýazga alyp ýa-da 4K / 60fps wideo düşürip biler. Esasy kamera 12 MP durulykdaky telefon linzasy, 12 MP durulykdaky goşmaça giň burçly linza we ToF Sensor bilen goldanýar.

Batareýa, baglanmak we öndürijilik görkeziji deňeşdirmesi

      “iPhone 12 Pro Max” – da 3,687 mAh kuwwatly batareýa we 20W çalt zarýad bermek goldawy bar.  Baglanyş prosesinde “Wi-Fi 6”, “Bluetooth 5.0” we “NFC” kanallary bolmak bilen, bu modelde 5G goldawy bar. Öndürijilik görkeziji A14 Bionic bilen gelýär, belki-de häzirki döwrüň iň güýçli prosessory we bu prosessor 6 Gb RAM bilen işlemek bilen ulanyjylara 128 GB / 256 GB / 512 GB aň hödürlenýär.

   “Galaxy Note 20 Ultra” – da 4500 mAh we 25W çalt zarýad beriş goldawy bilen tapawutlanýar.Meňzeş “Wi-Fi 6”, “Bluetooth 5.0” we “NFC” kanallary bar. “Eyxnos 990” prosessory bilen bu prosessor 8 Gb RAM bilen goldanýar. Islege görä, 256 GB / 512 GB saklaýyş kuwwatyny saýlap bilersiňiz we Micro SD Card goldawy bilen 1 TB çenli giňeldip bilersiňiz.

“iPhone 12 Pro Max” saýlamagyň aýratynlygy:

  • Has janly reňkler
  • Inçeligi
  • Güýçli aýna
  • A14 Bionic prosessor
  • Suwyň 6 metr çuňlugynda çydamlylygy

Gündelik ulanmak üçin, gündelik işler üçin we köp ýyllap durnukly ulanylmagyny isleýän ulanyjy bolsaňyz, “iPhone 12 Pro Max” saýlamak bolar.

“Galaxy Note 20 Ultra” saýlamagyň aýratynlygy:

  • Ekranyň işleýiş tizligi
  • Has ýeňil
  • 8K wideo goldawy
  • Has uly möçberde ýady
  • Micro SD Card goldawy
  • Giň göwrümli batareýa

Tehnologiýa ugrunda has takyk işler bilen meşgullanýan bolsaňyz we “Android” platformasyna has ýakyn bolsaňyz, “Galaxy Note 20 Ultra”-ny saýlap bilersiňiz.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy