JEMGYÝET

“Instagram”: hasabyňyzy hemişelik aýyrmak

Jemgyýetçilik mediýasy – häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýylsaýyn ulanyjylaryň sany barha artýar. Dünýäde iň köp ulanylýan jemgyýetçilik media platformalarynyň biri “Instagram” bolup durýar. “Instagram” ulanyjylarynyň köpüsi hasabyny hemişelik nädip aýyrmalydygy bilen gyzyklanýarlar. “Instagram” jemgyýetçilik mediýasynda özüňiziň şahsy hasabyňyzy hemişelik aýyrmak barada gysgaça maglumat bermek makul bildik. Şeýle-de bolsa, ulanyjylar dürli sebäplere görä, wagtal-wagtal “Instagram” hasaplaryny ýapmak isläp bilerler. “Instagram” hasabyny öçürmek linki bar. Bu linke basyp, birnäçe ädimler bilen hasabyňyzy hemişelik aýyrmak mümkindir. Ýene-de yzygiderligi dowam etmeli amallar:

  1. Gurnamak penjiresinden hasabyňyzy pozmagyňyzyň sebäbini kesgitläň.
  2. Barlamak üçin we dowam etmek üçin ulanyjy parolyňyzy giriziň.
  3. Peýda bolýan sahypanyň aşagyndaky hasabymy hemişelik aýyrmak düwmesine basyň.

Şu bellenen bellikleri doly we dürs berjaý etseňiz, profil hasabyňyzy “Instagram”-dan aýrylar. Şeýle hem 28 günüň dowamynda hasabyňyza girmeseňiz, aýyrmak amaly işleriňiz üstünlikli amala aşyrylar. Eger-de pikiriňizi üýtgeden mahalyňyzda, bu amaldan soň 28 günüň dowamynda parolyňyz bilen şahsy hasabyňyza gaýtadan girmek ýeterlik bolar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri