TEHNOLOGIÝA

Innowasion taslamalar üçin gazna döredildi

Abu-Dabi holding kompaniýasy (ADQ) we Türkiýäniň maddy üpjünçilik gaznasy (TWF) 300 million dollar kapitaly bolan “Türk tehnologiýa gaznasy” atly maliýe gaznasyny döretmek babatda ylalaşdylar. Bu gazna Türkiýede täzelikçi taslamalary, ýagny startaplary hem-de ösüp gelýän kärhanalary goldamak üçin maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu barada Abu-Dabi holding kompaniýasy (ADQ) resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Gol çekişlik dabarasyna Abu-Dabi holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhammed Hasan as-Suweýdi we TWF gaznasynyň baş direktory Salim Arda Ermut gatnaşdy. As-Suweýdiniň bellemegine görä, täze gazna energiýa, saglygy goraýyş, oba hojalygy, logistika we bilim ýaly innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge gatnaşýan kompaniýalar bilen işleşer.

Şeýle hem ol BAE-nyň häkimiýetleriniň Ankara bilen söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýändigini belledi.

Salim Arda Ermut hem öz gezeginde “bu taslama Türkiýäniň ykdysadyýetiniň strategiki ösüşine goşant goşar we netijede diňe iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny güýçlendirer” diýdi.

 

Ýene-de okaň

Hytaýda pensionerlere robotlar kömek eder

Ata Watan Eserleri

“Samsung” kompaniýasy telewizorlaryna emeli intellekt tehnologiýasyny ornaşdyrar

Ata Watan Eserleri

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi