TEHNOLOGIÝA

Iňlis dilini has aňsat öwreneliň: Intellektual sahypamyz

Siz iňlis dilini aňsat öwrenmek isleýärsiňizmi?  Iňlis dili häzirki wagtda halkara gatnaşyklar we biznes, şeýle hem durmuşyň beýleki köp ulgamyndaky artýan ähmiýeti bilen dünýäde iň köp öwrenilýän dilleriň biridir. Bu dili gyzykly we tiz öwrenmek üçin biziň täze sahypamyz-Intellektual sahypamyz Siziň iň ýakyn kömekçiňiz bolar diýip umyt edýäris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly  özüniň täze  kiçi sahypasy –https://intellektual.atavatan-turkmenistan.com/ – Intellektual sahypasyny durmuşa geçirýär. Bu sahypa häzirki wagtda  “Atavatan Krossword”, “Krosswordly sözlük”, “Makul Puzzle”, “Sözlemli oýun” we “Makul sözlem” bölümlerini öz içine alýar.

Makul Sözlem: Durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler

Eýsem bu sahypada haýsy bölümler hereket edýär. Türkmen we Iňlis dilinde gepleýän we eşidýän ilkinji akylly sözlük-Makul Sözlük platformy Sözlügiň has peýdaly bolmagyny gazanmak üçin täze bölümleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Döredijilik toparymyz tarapyndan gündelik durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlem saýlanyp alyndy we bu sözlemler  Türkmen we Iňlis dillerinde ýazmaça we sesli görnüşde sahypamyza ýerleşdirildi.

Siz Sözlügimiziň https://intellektual.makulsozluk.com/makul-sozlem/  bölümine girmek bilen bilim, hukuk, saglyk, ulag, biznes, medeniýet, sport, durmuş, metbugat we syýahatçylyk ulgamynda iň köp ulanylýan sözlemleri tapyp bilersiňiz. Bu sözlemleri sesli we ýazmaça içgin öwrenmek bilen Siz özüňiziň dil baýlygyňyzy has ösdürersiňiz, sözlemleriň gurluşyny, grammatik taýdan dürs ýazylyşyny we bu sözlemlerde ulanylýan 4391 sözüň sözlem içinde ulanyşyny öwrenersiňiz.

Mysal üçin “Makul Sözlem” bölüminde “Syýahatçylyk” kiçi bölümi bolup, bu bölümde halkara syýahat edýän biriniň  howa menzilinde, uçarda, myhmanhanada, baran şäherinde we restoranda özüne gerek bolup biläýjek jemi 100 sözlem ýerleşdirilen.

Sözlemli oýun: Iňlis dilini gyzykly öwreniň!

Döredijilik  toparymyz ýokaryda agzalyp geçen jemi 10 topardan ybarat 700 sözlemi oýun bilen öwrenmek isleýänler üçin hem mümkinçilik döretdi. Siz saýtymyzyň https://intellektual.makulsozluk.com/sozlemli-oyun/ linkine girmek bilen Iňlis dilinde sözlem düzmegi has gyzykly öwrenip bilersiňiz.

Eýsem bu oýun nähilli oýnalýar? Makul Sözlük platformy Size bir sözlemiň Türkmen dilinde ýazylyşyny berýär. Siz şol sözlemiň Türkmen dilindäki okalyşyny hem diňläp bilersiňiz. Şol sözlemiň aşagynda birnäçe gutujyk berilýär we bu gutyjygyň sany, ýokaryda Türkmen dilinde berlen sözlemiň Iňlis dilindäki nusgasy üçin ýeterlik mukdardadyr. Şeýle hem, Size şol sözlemi emele getirýän iňlis dilindäki sözler garyşyk görnüşde berilýär. Size bolsa, şol sözleri grammatiki usullara laýyklykda gutujyklara ýerleşdirmek galýar.  Bu oýny oýnamak bilen Siz  Iňlis dilinde sözlem düzmegiň inçe tilsimlerini gyzykly öwrenersiňiz!

Orta derejede iňlis dilini bilmek üçin 5000 söz ýeterlik we Makul Sözlem kiçi sahypamyzdaky 700 sözlemi öwrenen ýagdaýyňyzda Siz 4391 sözi aňsatlyk bilen ýatda saklarsyňyz!

Makul Sözlük Platformy geljekde Iňlis dilini öwrenmek üçin giň meýdança eýe bolar we Size we çagalaryňyza Iňlis dilini öwretmek üçin sanly kömekçiňiz bolmagyna dowam eder. Ýakynda, çagalar üçin suratly sözlük we oýunly sözlük taslamamyz hem durmuşa geçirjekdigimizi ýeri gelende belläp geçeliň!

Her gün täze sözleri Makul Krosswordly sözlükden öwreniň!

Ýaňy ýakynda dörejilik toparymyz Krosswordly Sözlügi ( https://intellektual.makulsozluk.com/krosswordly-sozluk/  ) durmuşa geçirdi. Siz biziň Krosswordly sözlük sahypamyzyň üsti bilen her gün täzelenýän “Makul Sözlügiň” ulanyjylary her gün irden täzelenýän we jemi 15 sany Türkmen dilindäki sözlerden ybarat krosswordda şol sözleriň Iňlis dilindäkisini dogry we dürs ýazsa, krosswordy çözüp biler. Bu bolsa, her gün 15 sözüň gyzykly görnüşde öwrenilmegine täsir eder. Eger, krosswordy çözýän, şol soralýan sözlerden haýsy-da bolsa biriniň Iňlis dilindäkisini bilmese ýa-da ýadyna düşmese, onda şol sözüň üstüne basmagy ýeterlik, “Makul Sözlük” Size tapyp getirer.

Her gün 5 söz telefonyňyza gelsin!

Bellemeli zat, häzirki wagtda “Makul Sözlük” applikasiýasy (ýüklemek üçin şu ýere basyň) hereket edýär we applikasiýamyzy ulanyjylara her gün 5 sany Iňlis dilindäki söz Türkmen dilindäki terjimesi bilen surat görnüşinde gelýär. Ulanyjy islese şol sözleri “IMO”, “Instagram”, “Facebook” we beýleki jemgyýetçilik torlarynda paýlaşyp biler we öz dostlarynyň hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanmagyna goşant goşar.

Atavatan Krossword:  Maglumat baýlygyňyzy ösdüriň!

Ýene bir bellemeli zat, Siz žurnalymyzda  https://intellektual.atavatan-turkmenistan.com/atavatan-krossword/  linkine girmek bilen her gün täzelenýän we 15 soragly krosswordy çözüp wagtyňyzy gyzykly geçirip bilerisiňiz we maglumat baýlygyňyzy artdyryp bilersiňiz. Makul Puzzle oýnuny barlap görüň! Bu bölümler iň gysga wagtda Atavatan Applikasiýamyzda hem hereket edip başlar we Siz Türkmenistan we global habarlary gyzgyny bilen okamak isleseňiz, onda şu ýere basyp Applikasiýamyzy ýükläp alyp bilersiňiz! Makul Sözlük Applikasiýasyny almak üçin bolsa şu ýere basyň!

Chrome Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer. Isleseňiz Türkmen dilindäki sözüň hem iňlis dilindäki terjimesini hem tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, iňlis dilinde habar we makala okaýanlar üçin bilmeýän ýa-da şol wagt ýadyna düşmeýän sözi üçin Browserlerden makulsozluk.com ýazmagyna ýa-da haýsyda bolsa mobil sözlüge girmegine gerek galmazdan, şol sözüň üstüne diňe iki gezek basmak bilen aňsatlyk bilen ýadyna düşmeýän sözüni tapmaga kömek eder. Makul Sözlük Chrome Extensiony kompýuteriňize ýüklemek üçin şu ýere basyň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy