SIZDEN GELENLER

Injir ýürek üçin peýdalydyr

Ýy­lyň dür­li pas­lyn­da dür­li mi­we­le­riň ha­sy­ly ýygnal­ýar.  Tom­suň ahy­ryn­da, güý­züň ba­şyn­da kal­siý we fos­for mad­da­la­ry­na baý mi­we­dir gök önüm­le­riň ha­sy­ly alyn­ýar. Şeý­le mi­we­le­riň bi­ri bo­lan in­jir adam­zat ta­ry­hy­nyň ir­ki dö­wür­le­rin­den bä­ri azyk­lyk hem-de der­man­lyk mi­we hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Dün­ýä­de 700-den gow­rak gör­nü­şi bo­lan in­ji­riň iý­mit zyn­jy­ryn­da­ky äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Bu mi­weden we onuň aga­jyn­dan 1200 jan­dar iý­mit­len­ýär. Ol bir­nä­çe aý­lap mi­we ber­ýän­di­gi se­bäp­li be­re­ke­diň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar. In­jir beý­le­ki mi­we­dir gök önüm­le­riň ýe­tiş­me­ýän ýe­rin­de hem ös­ýär.

Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da we Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän agaç gy­şy­na ma­ýyl, tom­su­na ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýar. Ony ortaça 15-20 de­re­jeli howada ýe­tiş­di­rip bol­ýar. In­ji­riň gül­le­ri boş mi­we­le­ri­niň için­de bol­ýar. Şol se­bäp­li onuň gül­le­män ös­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.

Dürli witaminlere we mikroelementlere baý injirden peýdalanmak ýürek-damar keselleriniň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. Injir (esasanam guradylanlar, kaloriýasy köp bolsa-da) köp babatda adam üçin peýdalydyr.

Injiriň şübhesiz artykmaçlyklaryndan biri, metabolizmi kadalaşdyrmak, gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmegi ýaly köp möhüm ugurlar üçin zerur bolan misiň köp bolmagydyr. Mundan başga-da, injirde beloklaryň bölünmegi, nerw ulgamyny we akyl funksiýalaryny güýçlendirmek we ir garramagyň öňüni almak üçin zerur bolan B6 witamini bar. Alymlaryň pikiriçe, injiriň yzygiderli ulanylmagy ýürek-damar ulgamyňyzy güýçlendirip bilýär.

Mazaly bişen injir has оňatdyr we bütinleý zyýansyzdyr. Myssaran injir öz täsiri bоýunça оňatdyr, ýöne оnuň emele getiren gany gоwy däldir. Injir iýseň bit döreýär. Su sebäpli injiri hоz bilen bile iýmek gerek. Injir ähli miwelerden ýokumlydyr. Injir miwesi bejermesi kyn bоlan dömme çişleri gaýtarýar. Injiriň ýapragy demrewe garşy peýda berýär. Ter ýa-da myssaran injir böwrege we peşew halta peýdalydyr. Injir süýdüniň şiresi içýan çakanda, garagurt möýi çakanda, şоl ýere sürtseň haýyr edýär.

Goçnazar Annageldiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri