Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenler bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr».
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylmy has-da ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilim ulgamyna güýçli depginde ornaşdyrylýar. Bu gün eziz Diýarymyzda ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslama, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri görkezmekleri häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda özleriniň bilim başarnyklaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda dünýäde iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Täze tehnologiýalar bolsa ýurdumyzdaky ähli edaradyr kärhanalarda kompýuterleriň giň gerimden ulanylmagyny talap edýär. Geljekki hünärmenler kompýuterler arkaly edaralary dolandyrmagyň usullaryny we ýollaryny bilmelidirler.
Belli bolşy ýaly kompýuterler diňe özleri üçin düzülen programmalary ýerine ýetirip bilýärler. Haýsydyr bir işi kompýuteriň kömegi bilen ýerine ýetirmek islesek, onda biz kompýutede bar bolan algotitmik dilleriniň birinde, onuň ýerine ýetirip bilýän komandalaryny belli bir algoritm esasynda yzygiderli ýazmaklygy başarmalydyrys. Bu işe bolsa kompýuterler üçin programma düzmek diýilýär. Bir meseläni kompýuteriň kömegi bilen çözmek üçin, ýagny programma düzüp kompýuterde ýerine ýetirmek üçin ilki bile
ol meseläni çözmekligiň algoritmini aýdyň göz öňüne getirip bilmelidiris.
XXI asyrda adamzadyň durmuşyna informatika, kompýuter we kompýuter tehnologiýalary, internet we internet tehnologiýalary erişargaç bolup aralaşdy. Ynsan maglumatlary, informasiýalary toplamak, olardan belli bir netije çykarmak işi bilen medeniýetli ýaşaýşyň bütin dowamynda iş salyşyp geldi. Bu işde kompýuterleriň giňden ulanylyp başlanmagy, adamlaryň ýaşaýşynda çözgüdi kabul etmegiň
çaltlanmagyna, netijede sosial-ykdysady durmuşyň ýokarlanmagyna, tehnikanyň we tehnologiýalaryň kämilleşmegine alyp geldi. 1985-nji ýylda orta mekdeplere „Informatikanyň we hasaplaýyş
tehnikasynyň esaslary “ dersiň girizilmegi bilen pedagogika ylmynyň täze pudagy-informatikany okatmagyň usulyýeti kemala geldi.
Informatikany okatmaklygy öwrenmek ähli derejelerde: çagalar bagynda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde we informatikany özbaşdak öwrenenlerinde alnyp barylmalydyr. Bu derejeleriň her biri
pedagogika ylmynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Nilufar Maşaripowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.