MEDENIÝET

Iň uzyn dyrnakly gyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikanyň raýaty eliniň barmaklarynyň dyrnaklarynyň uzynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu zenanyň dyrnaklarynyň umumy uzynlygy 42 fut we 10,4 dýuýmdyr (1300 santimetrden gowrak).

Bu ýerde gürrüň Minnesota ştatynyň ýaşaýjysy Diane Armstrong barada barýar. Onuň ady Ginneseiň rekordlar kitabyna her iki eliniň barmaklarynyň iň uzyn dyrnaklary hökmünde girizildi. Bu ýagdaý hünärmenler tarapyndna ýörite enjamlar bilen geçirilen ölçeg işlerinden soňra mälim boldy.

Zenanyň aýtmagyna görä, ol dyrnaklaryny 25 ýyldan bäri uzaldýar. Onuň iň uzyn dyrnagy sag eliniň baş barmagyndakydyr. Şol dyrnak has çalt ösýär. Onuň uzynlygy 4 fut we 6,7 dýuýmdyr (122 santimetrden gowrakdyr). Iň gysga dyrnagy bolsa çep elindäki külbike barmagyndakydyr. Onuň uzynlygy bolsa 3 fut we 7 dýuýmdyr (92 santimetrden gowrak).

Amerikaly zenan gyzy Latişa 16 ýaşynda aradan çykandna soňra uzadyp başlapdyr. Onuň aýtmagyna görä, diňe gyzy onuň barmagynyň dyrnaklaryna ideg edýän eken.

Aslynda, olary boýamak şeýle bir agyr iş welin, her dört-bäş ýylda bir gezek dyrnaklaryny boýaýar. Bu amal üçin 15-20 çüýşe dyrnak boýagy gerek bolýar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi