SPORT

Iň täze transfer täzelikleri: Pedro “Romada”

Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň “Roma” topary ispaniýaly futbolçy Pedro Rodriges Ledesmany transfer etdi. Toparyň metbugat gullugynyp habar bermegine görä, 33 ýaşly hüjümçi Angliýanyň “Çelsi” toparyndan transfer edildi. Bu oýunçy bilen 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

Pedro Rodriges: “Rim toparyna geçýändigime begenýärin. Bu täze başdan geçirme we indiki möwsümdäki maksatlarymyz üçin göreşmäge täze mümkinçilikler açýar. Şeýle hem, meniň bilen duşuşmaga gelen janköýerlerimize sag bolsun aýdýaryn. Olary bagtly ederin diýip umyt edýärin” – diýip belleýär.

Rim toparynyň ýerine ýetiriji müdiri Guido Fienga Pedro ýaly oýunçynyň bardygyna buýsanýandygyny belläp geçdi.

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň akademiýasynda önüp-ösen we topar bilen üç gezek UEFA Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan Pedro soňky 5 möwsümde “Çelsi” toparynda çykyş etdi. Pedro 2010-njy ýylda Ispaniýa bilen dünýä çempionatynda we 2012-nji ýylda Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

Jeými Wardi şertnamasyny uzaltdy

Angliýanyň “Premýer ligasynyň” toparlaryndan biri bolan “Lester Siti” çempionatda iň köp gol geçiren oýunçy hökmünde möwsümi tamamlan 33 ýaşly iňlis hüjümçisi Jeými Wardi bilen şertnamasyny 2023-nji ýyla çenli uzaltdy. Iň köp pökgi geçiren oýunçysy hökmünde möwsümi tamamlan Wardi çempionatyň 35 duşuşykda 23 pökgi geçirmegi başardy we bu ýokarky netije diýmekdir.

Wardi “Lester Siti”-de sekiz möwsümde 310 gezek meýdança çykyp, 52 gezek ýardam pasyny we 130 gezek gol geçirmegi başardy. 2015/2016 möwsüminde “Lester Siti” bilen “Premýer-liganyň” çempionatynda ýeňiji bolan Jeými Wardi Ruud van Nistelroýyň meýdançadaky rekordyny täzeledi.

 

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy